Dostlugyň, parahatçylygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna
19-10-26
Türkmenistan halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Döwletimiziň halkara başlangyçlarynyň netijeli we ynsanperwer häsiýeti olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagyny şertlendirýär. Bitarap Watanymyz olary durmuşa geçirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezip, durmuş taýdan wajyp wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan giň gerimli hyzmatdaşlyk strategiýasyny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär hem-de sebit we ählumumy derejede ynamly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny barha artdyrýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç günläp dowam eden hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna hil taýdan täze itergi beren halkara ähmiýetli çäreler hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.
7-nji oktýabrda bu ýerde GDA ýurtlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň uzak möhletli netijeli hyzmatdaşlygy maksat edinýändiklerini görkezen «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar.
8-nji oktýabrda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we bu sebit dialogyna ilkinji gezek resmi taýdan gatnaşan Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýokary derejeli çäreleriň dowamy boldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meseleleri duşuşygyň üns merkezinde boldy. Sebitiň uly mümkinçiliklerini açmaga ugrukdyrylan birnäçe strategik başlangyçlar beýan edildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda çözgüde gol çekildi.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmagyň dowamynda Merkezi Aziýa we Azerbaýjan halklarynyň abadançylygyny hem-de gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty özara düşünişmek ýagdaýynda we netijeli häsiýetde geçdi. Diplomatlar sebitara, ulag-logistika we energetika ugurlaryny birleşdirýän möhüm köpri hökmünde Hazar deňzi sebitiniň strategik ähmiýetini bellediler. Häzirki döwrüň esasy meselelerini çözmäge yzygiderli utgaşdyrylan çemeleşmäni ulanmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi esasy wakalaryň biri boldy. Şeýle hem mejlise hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian gatnaşdy. Ýokary derejede geçirilen mejlis GDA ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini subut etdi. Çykyşlaryň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, köptaraply hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde duran döwür üçin özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýän resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary sammiti geçirmek baradaky başlangyç üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdiler hem-de Hazaryň ekologiýa meselelerini, olaryň hatarynda deňziň suwunyň azalmagynyň öňüni almak, onuň ekoulgamyny we bioköpdürlüligini gorap saklamak meselelerini çözmekde bilelikdäki tagallalaryň wajypdygyny bellediler. Türkmenistan şeýle hem Hazar deňziniň suw serişdelerini goramagyň Döwletara maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy goldady. Bu başlangyç Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyna doly laýyk gelýär.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dünýä äşgär edýän hem-de halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Maýsa JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Fizika kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.