Awaza sammiti – hyzmatdaşlygyň täze belentlikleriniň nusgasy
19-10-26
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüşler gazanylýar. Jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklanylýar. Türkmenistan sebit, halkara, dünýä derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, şeýle-de şu ýylyň 7–9-njy oktýabrynda Awazada geçirilen halkara çäreler muny tassyklaýar.
Bilşimiz ýaly, Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlyga ygrarlydyr. Ol GDA agza döwletler bilen gatnaşyklarynda dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga daýanmak bilen, köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we onuň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Ykdysady diplomatiýany ilerletmek, sebitleriň ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek hem-de ekologiýa başlangyçlaryny giňeltmek Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe esasy ugurlardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2029-njy ýyl — «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýlip yglan edildi.
Umuman, Türkmenistan ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri üçin elýeterliligini üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde agza ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýär. GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçirilen bu mejlisde hormatly Prezidentimiz BMG-niň Tertipnamasyny we halkara hukugy goramakda tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Munuň özi bilelikdäki işleriň hukuk binýadynyň berkidilmeginde möhümdir.
Sammitiň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Netijede, bu iri forum GDA ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini subut etdi. Galyberse-de, GDA ykdysady ösüşiň durnuklylygyny, halklarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekde ýurtlarymyzy umumy bähbitler arkaly birleşdirýän möhüm meýdançadyr. Bu iri halkara forum agza döwletleriň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.
Şol gün hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Hazar ekologiýa sammiti hem geçirildi. Munuň özi ählumumy ekologiýa gün tertibini ilerletmekde möhüm wakadyr. Bilşimiz ýaly, Hazar deňzi kenarýaka döwletler üçin uly tebigy, ykdysady, ulag we taryhy-medeni ähmiýete eýedir. Onuň ekoulgamyny goramak boýunça hyzmatdaşlyga-da uly üns berilýär. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistan Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň meseleleri boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topary döretmek baradaky teklibi goldaýar. Bu topar hakyky ylmy maglumatlar esasynda suwuň peselmegi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy durmak boýunça ylalaşylan çäreleri işläp taýýarlamalydyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň ýanynda alymlardan, bilermenlerden, hünärmenlerden hem-de bäş ýurduň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat ýöriteleşdirilen iş toparyny döretmegi we onuň ilkinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmegi teklip etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hazar ekologiýa sammitini hyzmatdaşlygyň hemişelik hereket edýän platformasyna öwürmegi teklip etdi.
Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny goramak kenarýaka döwletleriň ählisiniň umumy wezipesidir. Bu forum Hazar deňzinde ylalaşylan we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýany işläp taýýarlamakda, deňziň suwunyň derejesiniň peselmeginiň sebäplerini ýüze çykarmak we onuň ýaramaz netijeleriniň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek babatda bäştaraplaýyn tagallalary birleşdirmekde möhüm ädim bolar. Sammitiň jemleri boýunça kabul edilen çözgütler köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berip, Hazar deňzini geljekki nesiller üçin gorap saklamaga ýardam berer.
Hazaryň kenarynda ýokary derejedäki çäreleriň üstünlikli geçirilmegi halkara diplomatiýanyň we netijeli dialogyň ykrar edilen merkezi hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny görkezdi. Muny 8-nji oktýabrda bolup geçen wakalar hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Çünki şol gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini artdyrmak bilen bagly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Beýan edilen teklipler, pikirler hem-de başlangyçlar biziň mümkinçiliklerimize esaslanýandygy we umumy kuwwatymyzy doly derejede peýdalanmaga gönükdirilendigi bilen ähmiýetlidir. Konsultatiw duşuşyklaryň altytaraplaýyn formaty bu maksatlary gazanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Çünki ol bilelikde öňe hereket etmek üçin esasy syýasy we amaly binýatlary emele getirýär, depginli ykdysady hem-de tehnologik ösüş üçin şertleri döredýär, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderliligini üpjün edýär.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda çözgüde gol çekildi. Duşuşyk doganlyk döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini, olaryň halklarymyzyň ösüşiniň hem-de abadançylygynyň bähbidine bilelikde işlemäge, sebitde, şeýle hem ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandyklaryny tassyklady.
Halkymyzyň abadan durmuşyny ygtybarlandyrmak, döwletimiziň ösüşlerini has-da işjeňleşdirmek ugrunda, şeýle hem ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylmagynyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Pirmuhammet ANNAORAZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Fizika kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.