HALKYŇ SAGLYGY – DÖWLETIŇ BAŞ BAÝLYGY

19-10-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi adamlaryň saglygyny goramagyň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň rowaçlanmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ajaýyp hem-de eşretli zamanamyzda raýatlaryň saglygyny goramakda, bagtyýar, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar” diýen dürdäne sözleri hem aýdyň tassyklaýar. Raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary babatda alnyp barylýan işler häzirki wagtda barha giň gerime eýe bolýar. Döwletimizde adam we onuň saglygy baradaky aladanyň elmydama üns merkezinde durýandygynyň güwäsine öwrülen bu işlere goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyz sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Ilatyň saglygyny berkitmekleri üçin döwrebap sport desgalary guruldy. Ýurdumyza dürli ýokanç keselleriň ýok edilendigi hakyndaky köpsanly halkara güwänamalaryň gowşurylmagy Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen kämil derejä ýetirilen we bu asylly işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň we onuň halkara bileleşigi tarapyndan doly ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap lukmançylyk merkezlerini döretmek boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Pudagy ösdürmekde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri, hususan-da, Germaniýanyň öňdebaryjy hassahanalary, tejribeli professorlary we lukmanlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da baş baýlygy goramak ugrunda amala aşyrylýan beýik işler depginli dowam etdirilýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň 400 orunluk binalar toplumynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň täze binalar toplumlarynyň, sebitlerde birnäçe saglyk düzümleriniň açylyp ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzda milli saglygy goraýyşda täze sepgitlere ýetilýändigini äşgär etdi. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat hem jemgyýeti kämillige iterýän üç ugurda gazanylanlary özünde şöhlelendirdi. Döwlet Baştutanymyzyň Permany esasynda zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy olaryň halal we yhlasly zähmetine goýulýan belent sarpanyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Bu çäreler lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän meýdança öwrüldi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilaty ýerli dermanlar, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemler, bejeriji täsirli tebigy önümler bilen üpjün etmek ugrunda tagallalar edilýär. Alym Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy-ensiklopedik işiniň bu babatda abyrsyz uly orny bar. Onuň hünär baýramymyzda okyjylara gowşan XVIII jildiniň aýratyn bir ugra — onkologiýada fitoterapiýa bagyşlanmagy ýokanç däl keselleriň agyr görnüşi bolan täze döremeleri halk lukmançylygynyň däpleri, häzirki zaman çemeleşmeler esasynda bejermekde örän ähmiýetlidir. Bu ylmy-ensiklopedik eser lukmanlar, saglygy goraýyş işgärleri bilen birlikde, ähli ildeşlerimiz, daşary ýurtly okyjylar üçin möhüm gollanmadyr.

Adam sagdyn, ruhubelent bolanda, onuň zähmet çekmäge bolan ukybynyň has artýandygy, iş öndürijiliginiň ýokarlanýandygy düşnüklidir. Bu bolsa durmuşyň ähli ugurlarynda uly-uly ösüşleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, adamlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň artmagy saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmek, has anyk aýdanyňda, şypahana-dynç alyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bejeriş-öňüni alyş lukmançylyk edaralaryny gurmak arkaly hemmetaraplaýyn sagdyn jemgyýeti kemala getirmek bilen pugta baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu babatdaky başlangyçlarynyň, tagallalarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem rowaçlyklara beslenýändigini aýratyn belläp geçmek gerek.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Meýlis GARADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Umumy tehniki dersler kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.