Tebigy ekoulgamlary goramaga gönükdirilen sammit

19-10-26

Adamzadyň bütin ýaşaýşyna we durmuşynyň gözelligine zeper ýetirmezlik üçin tebigaty söýmek, oňa aýawly garamak möhüm bolup durýar. Bu gün tebigat dünýäniň halklarynyň özi babatynda bir deň gopmagyny, özara düşünişmeklerini talap edýär. Ekologiýa sazlaşygyny saklamaga Türkmenistan mydama dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýär, döwletimiziň bu ugurdaky oňyn başlangyçlarydyr teklipleri giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistan ekologiýa arassalygy we daşky gurşawy goramak babatynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen konwensiýalara, maksatnamalara hem-de taslamalara işjeň gatnaşýar. Bereketli topragymyzyň hasyllylygyny artdyrmak, ähli baýlyklaryny gorap saklamak döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, geçen hepde hormatly Prezidentimiz BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherine bardy.

Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklar däp bolan dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Ýokary derejede ýola goýlan yzygiderli dialog söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle hem ýurtlarymyz iri halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerinde Ýerewanda geçirilýän Liderler sammiti tebigy ekoulgamlary goramak işinde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wehimleriň barha artýan şertlerinde bu abraýly meýdança döwlet Baştutanlaryna dünýäde ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek üçin syýasy mehanizmleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

BMG-niň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda tebigy prosesleri ylmy esasda öwrenmek, suw hem-de deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak we ekologik gözegçiligiň usullaryny kämilleşdirmek ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm hasaplaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bioköpdürlüligi goramak ulgamynda ählumumy maksatlary gazanmak üçin BMG-niň ulgamynyň ylmy, bilermenlik we institusional mümkinçiliklerini doly derejede ulanmagyň zerurdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz tebigaty goramak boýunça halkara borçnamalaryny berjaý etmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmeginiň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygyny belläp, ösüp barýan ýurtlaryň maliýe serişdelerine we döwrebap tehnologiýalara elýeterliliginiň üpjün edilmeginiň, milli kuwwatyň pugtalandyrylmagynyň, şeýle hem genetiki serişdeleri ulanmakdan alynýan bähbitleriň adalatly we deňhukukly paýlanylmagynyň, şol sanda olaryň yzygiderliligi baradaky sanly maglumatlaryň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylyp, amala aşyrylýan giň möçberli milli maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmagyň häzirki hem-de geljekki nesilleriň abadançylygynyň hökmany şerti bolup durýandygyndan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işler çölleşmä garşy göreşmek, bioköpdürlüligi gorap saklamak hem-de suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar. 

Bilşimiz ýaly, mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklaryny we köpdürlüligini artdyrmaga we gorap saklamaga gönükdirilen netijeli çäreleriň geçirilmegi arkaly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň düýpli we öňdengörüji syýasaty netijesinde amala aşyrylýan giň möçberli işler Watanymyzyň gülläp ösmeginiň kepilidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Pezidentimiziň ýurdumyzda döwrebap we kämil ekologik medeniýeti kemala getirmekde we ösdürmekde alyp barýan işleri ýaş nesillerde ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda goralyp gelnen bereketli türkmen topragymyzyň ajaýyplygyny, gözelligini gorap saklamaga bolan ýokary jogapkärçilik duýgularyny terbiýelemäge mümkinçilik berýär.

Goý, ekologiýa babatda umumadamzat bähbitli beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Tahyr NAZAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Maglumat howpsuzlyk fakultetiniň mugallymy. 

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.