Halkara ekologik abadançylygy üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk
19-10-26
Häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine hem-de onuň oňaýsyz täsirlerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde jogapkärli orny eýeleýän Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Bu ugur Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.
Ekologiýanyň we howanyň üýtgemeginiň täsiri diňe bir tebigaty goramak ugry bilen çäklenmän, eýsem, syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryna hem degişlidir. Ol daşky gurşawyň ýagdaýyna, adamlaryň ýaşaýyş derejesine, hiline gönüden-göni täsir edýär. Bu görkezijileriň özara berk baglanyşykly bolmagy ýüze çykýan wehimlere garşy göreşmek üçin täsirli gural bolup hyzmat etjek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjek netijeli strategiýalaryň, maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyny hem-de durmuşa geçirilmegini talap edýär. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk guramasy ýaly abraýly düzümler bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçirilýän ýerinde hormatly Prezidentimizi Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem-de BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş mähirli garşyladylar we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Sammitiň gün tertibine ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi goramak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň esasy maksatnamasyna (COP17) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş etdi.
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, olary milli strategiýalara, maksatnamalara, taslamalara ornaşdyryp, ähli ykdysady işleriň ekologik standartlar bilen utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşiň esasy şerti hökmünde sirkulýar ykdysadyýete geçilmegine uly üns berilýär. Ýapyk aýlawly ykdysadyýet önümçiligiň we sarp edişiň has netijeli hem-de ekologik taýdan howpsuz nusgasydyr. Onuň esasy ýörelgeleri «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga, serişdeleri netijeli ulanmaga we dikeltmäge, energiýanyň alternatiw çeşmelerini işe girizmäge, çig mallary gaýtadan işlemäge esaslanýar. Bu bolsa senagat galyndylarynyň hem-de zyňyndylaryň azalmagyna, energiýanyň tygşytlanylmagyna, biodürlüligiň, ekoulgamlaryň goralyp saklanmagyna ýardam edýär. Sirkulýar ykdysadyýet diňe bir daşky gurşawa, howa ýetirilýän zyýanly täsirleri ep-esli derejede azaltmaga mümkinçilik bermän, eýsem, täze ykdysady mümkinçilikleri hem döredýär. Önümçilik çykdajylarynyň azalmagyna, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, durnukly ösüşe we bäsdeşlige ukyplylyga ýardam edýär. Durmuş taýdan seredilende bolsa, ykdysadyýetiň şeýle nusgasyna geçilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň kuwwatyny doly derejede ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, tebigy mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. “Bütindünýä mirasynyň “Aram guşaklygynyň Turan çölleri” transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam berýändiginiň aýdyň mysalydyr.
“BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygy we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi dowam eder. Hususan-da, biz yzygiderli syýasy we bilermenlik hyzmatdaşlygyny alyp barmak, anyk başlangyçlary ilerletmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin açyk köptaraply meýdança hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek ugrunda çykyş edýäris.
Çölleşmä garşy göreşmäge we gurak sebitleriň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu ugurlara ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn halkara tagallalaryň möhüm bölegi hökmünde garaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň ösüp barýan ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini hem-de özboluşly zerurlyklaryny nazara almazdan, ählumumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň mümkin däldigine berk ynanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda hem-de Awaza syýasy Jarnamasynda berkidilen çözgütleriň aýratyn ähmiýetini belledi.
Howa, ekologiýa bilen suw meselesi-de gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ol häzirki zaman dünýäsiniň wajyp ählumumy meseleleriniň biri bolup durýar. Howanyň üýtgemegi dünýäniň suw serişdelerine gönüden-göni täsir edýär we bu ýagdaý ýaramaz netijeleri döredýär. Türkmenistan bu meseleler boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Olar boýunça amatly, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri hödürlemek bilen, ýurdumyz suw diplomatiýasyny yzygiderli öňe sürýär, onuň esasy ugurlarynyň biri bolsa suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Merkezi Aziýadaky suw we ekologiýa meseleleri barada aýdylanda, Türkmenistan olaryň hemişe halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň göz öňünde tutulmagy, abraýly halkara guramalaryň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de çözülmegi ugrunda çykyş edýär.
Bu ugurda ýurdumyz möhüm halkara forumlarda kabul edilen maksatnamalaýyn resminamalara daýanyp, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan suw meselesi boýunça öňe sürlen başlangyçlar anyk häsiýete eýe bolup, sebit we ählumumy ösüşiň maksatlaryna, adamlaryň isleglerine jogap berýär. Hususan-da, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ol bu ugurdaky tagallalary utgaşdyrýan netijeli düzüm, sebitiň serhetüsti derýalaryň suwundan peýdalanmagyň möhüm mehanizmi bolup biler.
Watanymyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky tagallalary BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan goldanylýar. Şeýlelikde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa hem-de howa diplomatiýasyny yzygiderli öňe sürmek bilen, ýurdumyz netijeli sebit we ählumumy dialogy pugtalandyrmak, umumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň binýady hökmünde özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga, häzirki hem-de geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmek üçin täsirli meýdançanyň kemala getirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalyşýar.
Bahar ALLAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Maglumat howpsuzlyk fakultetiniň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.