Aziýa döwletleri bilen dostluk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar
19-10-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna üýtgewsiz eýerýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär.
Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylda daşary döwletlere amala aşyran saparlary bu babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Şol saparlaryň jemleri ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köpugurly abraýly düzümleriň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi. Türkmenistany dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşýän ýurtlar, şol sanda Aziýa döwletleri bilen dostluk, özara hormat, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk syýasy, ykdysady, ekologiýa, ulag-logistika, söwda ýaly esasy ugurlary öz içine alýar.
15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Bakuda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda yklymda parahatçylygy, howpsuzlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagy teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine durnukly ösüşi we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, halkara hukugynyň esaslaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek hem-de 2027–2037-nji ýyllary BMG-niň «Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmek baradaky başlangyçlaryny ýatlatdy.
«Halkara hukugyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň biziň dialogymyzyň çäklerinde, ilkinji nobatda, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, ynanyşmagy pugtalandyrmaga we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynanýaryn» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu başlangyçlaryň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanyljakdygyna umyt bildirdi. Şeýle hem ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga çagyrdy.
Şeýle hem sammitiň dowamyndaky çykyşlarda ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, Aziýada ulag-logistika strategiýalaryny utgaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny hem-de ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, sanly özgertmeleri çaltlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere seredilip geçildi.
Şeýlelikde, Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ählumumy abadançylygy üpjün etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Meýlis GARADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Umumy tehniki dersler kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.