Durnukly ekologiýa ösüşiniň bähbidine bilelikdäki taslamalar
19-10-26
Halkara giňişlikde Türkmenistan möhüm ekologiýa meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, şeýle hem Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipleriň yzygiderli öňe sürülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Bakuda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde çykyş edip, täze köptaraplaýyn platformany – Aşgabat howa dialogyny döretmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemeginiň we ekologiýa howpsuzlygynyň häzirki döwrüň çynlakaý wehimleri bolmagynda galýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak we ykdysadyýetleriň ählumumy howa üýtgemelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, döwletleriň tagallalaryny birleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär.
«Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak hem-de «ýaşyl» çözgütleri ilerletmek boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn platformany – Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär » diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz gyzyklanma bildirýän döwletleri we halkara hyzmatdaşlary bu başlangyjy goldamaga çagyrdy. Şeýle hem Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň durnukly ekologiýa ösüşiniň bähbidine bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de netijeli çözgütleri ilerletmek üçin ähli uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ekologiýa gözegçiligini ösdürmäge, haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramaga möhüm ähmiýet berýändigini belläp, halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ählumumy çarçuwaly maksatnamanyň maksatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we Hereketleriň meýilnamasynyň bu ugurdaky işiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz serhetüsti ekoulgamlary, haýwanlaryň migrasiýa ýollaryny we tebigy serişdeleri gorap saklamak maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurdumyzyň Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyna, Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamyny goramaga hem-de çölleşmä garşy göreşmäge aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa we howa ýagdaýyny nazara almak Türkmenistanda şähergurluşyk maksatnamasynyň hökmany şerti bolup durýar. Bu ugurda öňdebaryjy sanly we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri nusgalyk häsiýete eýedir. Täze şäheriň taslamasy hem-de gurluşygy ýurdumyzyň howa şertleri nazara alnyp amala aşyryldy. Gurluşyk üçin ýer saýlanyp alnanda tebigy landşaft, daşky gurşaw, hususan-da, dag eteklerindäki aýratyn mikroklimat ýaly görkezijiler göz öňünde tutuldy. Arkadag şäheriniň «ýaşyl» gurluşyk talaplaryna laýyk gelýändigi birnäçe halkara güwänamalar bilen tassyklanyldy.
Şeýlelikde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa hem-de howa diplomatiýasyny yzygiderli öňe sürmek bilen, ýurdumyz netijeli sebit we ählumumy dialogy pugtalandyrmak, umumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň binýady hökmünde özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga, häzirki hem-de geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmek üçin täsirli meýdançanyň kemala getirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalyşýar.
Nurguly SARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Maglumat howpsuzlyk fakultetiniň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.