Milli saglygy goraýyş ulgamynyň oňyn özgertmeleri

19-10-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky beýik hakykatyň güwäsi bolup durýar. Ýurdumyzda “Saglyk” döwlet Maksatnamasyndan ugur alyp, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan halkara merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär. Halkymyzyň beden we ruhy sagdynlyk baradaky ýörelgeleri ileri tutulyp, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli amatlyklar döredilýär.

Häzirki zaman lukmançylygynyň gazananlarynyň durmuşa geçirilmegi, keselleriň dessin ýüze çykarylmagy, netijeli bejeriş hyzmatlarynyň üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyz Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem meşhur “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagynyň ähmiýeti bellenildi. Nygtalyşy ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap ösüşine itergi boljak bu düzümleriň her biri gaýtalanmajak jemgyýetçilik-durmuş we innowasion aýratynlyklara eýedir.

Bu günki gün, ýagny täze eýýamda, galyberse-de, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli baýlyk hökmünde adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny gorap saklamak meseleleri ilkinji orna çykaryldy. Sagdyn jemgyýet - bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, raýat we demokratik kämilligi bolup durýar. “Sagdyn bedende - sagdyn ruh” diýilýär. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrýan dabaralar ýaş nesliň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryny ilkinjiler bolup goldaýandyklaryny ýene bir ýola subut etdi. Sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek şu günümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz bu günki gün Watanymyzda we halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy al asmanda parladýarlar. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi çäksiz buýsandyrýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitap saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynda ýurdumyzyň we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin sowgat boldy. Kitabyň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.

Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam eder. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Hormatly Arkadagymyzyň Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döreden “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly eseriniň nobatdaky jildi hem ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Halkymyzyň saglygyny goramak, sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gözel HYDYROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyn̈ döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.