Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň biodürlüligi goramak boýunça ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

19-10-26

Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk ygrarly bolmak bilen, BMG-niň tebigaty goramak boýunça konwensiýalarynyň, şol sanda Biologik köpdürlülik hakynda konwensiýanyň hem-de howa boýunça Pariž ylalaşygynyň düzgünlerini berjaý edýär. Ýurdumyzyň ekologiýa döwlet strategiýasy özünde milli bähbitleri ählumumy ösüş ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrýar.

Malim bolşy ýaly, 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýerewanda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Garagum sährasyndan başlap, Köpetdagyň we Köýtendagyň daglyklaryna hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyna çenli özboluşly tebigy ekoulgamlara eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň tebigy baýlyklaryň goralyp saklanmagyna döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde birnäçe möhüm mesele aýratyn bellenildi.

Birinjiden, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamlaryny kämilleşdirmek, ekologiýa gözegçiligini ösdürmek, haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramak. Halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ählumumy çarçuwaly maksatnamanyň maksatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň 2026 – 2035-nji ýyllar üçin biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasy we Hereketleriň meýilnamasy bu ugurdaky işiň möhüm guraly bolup durýar.

Ikinjiden, serhetüsti ekoulgamlary, haýwanlaryň migrasiýa ýollaryny we tebigy serişdeleri gorap saklamak maksady bilen sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyna, Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamyny goramaga hem-de çölleşmä garşy göreşmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Üçünjiden, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň kuwwatyny doly derejede ulanmak. Tebigy mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bütindünýä mirasynyň «Aram guşaklygynyň Turan çölleri» transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam berýändiginiň aýdyň mysalydyr.

«BMG-niň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda tebigy prosesleri ylmy esasda öwrenmek, suw hem-de deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak we ekologik gözegçiligiň usullaryny kämilleşdirmek ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm hasaplaýarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.

Bu meselelerden başga, hormatly Prezidentimiz Ýerewanda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitinde eden çykyşynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu meseläniň aýratyn ähmiýetini nygtap, gurak sebitleriň howanyň üýtgemeginiň netijelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bu ugurlara ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn halkara tagallalaryň möhüm bölegi hökmünde garaýandygyny nygtady.

«Türkmenistan ösüp barýan ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini hem-de özboluşly zerurlyklaryny nazara almazdan, ählumumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň mümkin däldigine berk ynanýar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Halkara forumlarda öňe sürülýän başlangyçlar Türkmenistanyň adamzadyň durnukly geljegini üpjün etmäge mynasyp goşant goşmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 31 ýyllygyny baýram edýän Watanymyz ählumumy ekologik wehimleriň netijeli çözülmegi üçin möhüm binýat bolan aýratyn hukuk derejesini ulanmak bilen, ekologik meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklaýar. Bu ugurda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Şeripmuhammet HOJAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Önümcilik proseslerini awtomatlaşdyrmak fakultetiniň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.