Aziýa döwletleriniň özara hyzmatdaşlygy barha berkidilýär
20-10-26
Baku şäherine iş saparyny amala aşyran hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine yklymda parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde garaýar.
Syýasy şertler bilen birlikde, ykdysady baglanyşygy pugtalandyrmak, özara bähbitli söwdany giňeltmek we ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmek dünýäde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan döwründe ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyna bökdençlik döredýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Golaýda Baku şäherinde geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahatyň VII sammiti yklymyň syýasy giňişliginiň möhüm wakasy boldy. Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahaty yklymyň döwletlerini umumy bähbitleriň töwereginde birleşdirýän, dialog üçin mümkinçilik döredýän hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm sebit meýdançasy hökmünde çykyş edýär.
28 agza döwleti birleşdirýän we Aziýa yklymynyň çäginiň 90 göterimini öz içine alýan Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahaty gatnaşyjylarynyň sany boýunça Aziýanyň iň iri dialog meýdançasydyr.
Türkmenistanyň köp sanly döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde syýasy, ykdysady, ulag, energetika we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy sebitdäki howpsuzlyk ulgamynyň pugtalandyrylmagyna hem ýardam berýär.
Sammitde Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahatyň täze agza döwleti hökmünde kabul edilmegi hem möhüm waka boldy. Munuň özi guramanyň ähmiýetiniň barha artýandygyny we Aziýa sebitinde has inklýuziw dialog meýdançasy hökmünde ösýändigini görkezýär.
Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahatyň işiniň gerimini giňeltmäge, agza döwletleriň gurama bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge hem-de anyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana saparlary uly ähmiýete eýedir. Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana saparlary hem iki ýurduň dostlugynyň we doganlygynyň aýdyň beýany bolup durýar.
Baku şäherinde geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahatyň VII sammitinde hormatly Prezidentimiziň birnäçe teklipleri we başlangyçlary öňe sürendigi hem bellärliklidir. Olaryň hatarynda«Aşgabat howa dialogy», emeli aň bilen bagly halkara kodeksini döretmek baradaky teklip we beýleki başlangyçlar sebit döwletleri üçin hem ähmiýetli bolar.
Umuman, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek boýunça maslahatyň yklymyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we ähmiýetli çözgütleriň kabul etmekde möhüm syýasy çäre boldy. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dünýä äşgär edýän hem-de halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Nabat GUTLYMYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Maglumat howpsuzlyk fakultetiniň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.