Baku sammiti – dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez nusgasy
20-10-26
Türkmenistan möhüm sebit, sebitara we ählumumy meseleler boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin yzygiderli işleri alyp barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolan ýurdumyz döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşykly, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge, derwaýys meseleleriň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamakda uly tagallalary edýär.
Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde täze ulag ugurlarynyň gözlenilmegi, energiýa howpsuzlygyna bolan talabyň ýokarlanmagy we Aziýanyň ykdysady kuwwatynyň artmagy Merkezi Aziýa üçin taryhy mümkinçilik döredýär. Munuň üçin sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky özara ynanyşmagy pugtalandyrmak, serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek, demir ýol we awtomobil ulgamlaryny özara sazlaşdyrmak, Hazar deňzi arkaly multimodal gatnawlary ösdürmek, energetika we sanly ulgamlary birleşdirmek möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşynda hem ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmegiň dünýäde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna üns çekip, şeýle diýdi: «Dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan döwründe ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyna bökdençlik döredýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar».
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy hakyndaky Kararnamasyny dowam etmek bilen, ýurdumyz ulag we logistika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň hatarynda Merkezi we Günorta Aziýanyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edýän yklymara ulag ugurlaryny döretmek hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlar bar. Sammitde Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şeýle format milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Respublikasy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, milli bähbitleri nazara almak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň, köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez nusgasyny görkezýärler. Yzygiderli esasda alnyp barylýan ýokary derejedäki gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berýär. Gündogar — Günbatar ugry boýunça halkara üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini döretmekde möhüm halka bolup çykyş edýän iki döwletiň geostrategik mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy ugry Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň berk binýady we sebitde durnuklylygy üpjün etmekde ygtybarly şert bolup çykyş edýär. Ýurdumyz halkara giňişlikde netijeli başlangyçlary öňe sürüp, ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly we syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmäge gönükdirilen “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasyny yzygiderli ilerledýär. Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde yzygiderli öňe sürýän we halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli Kararnamalary bu ugruň netijeli häsiýetiniň aýdyň subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, biz halkara durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak üçin zerur bolan halkara-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” we 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň “Dialog we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdi” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de halkara hukugyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň dialogyň çäklerinde, ilkinji nobatda, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, ynanyşmagy pugtalandyrmaga we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz halkara jemgyýetçilik tarapyndan bu başlangyçlaryň goldanyljakdygyna ynam bildirip, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerini has giň ulanmagyň möhümdigini nygtady.
“Ýurtlarymyzyň parahatçylyk, özara hormat goýmak we netijeli medeniýetara dialog taglymlaryny ilerledip biljek işjeň we zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň torunyň döredilmegi bu ugurda anyk ädim bolup bilerdi” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň alyp barýan işine uly ähmiýet berýändigini hem-de onuň maksatlarydyr ýörelgelerini yzygiderli goldaýandygyny, synçy döwlet hökmünde ýurdumyzyň Aziýada köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary hem-de teklipleri ilerletmäge mundan beýläk-de goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ählumumy abadançylygy üpjün etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Awaza duşuşyklarynda, Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde öňe süren başlangyçlary halkara diplomatiýanyň, netijeli dialogyň ykrar edilen merkezi hökmünde ýurdumyzyň ähmiýetli ornunyň pugtalandyrylýandygyny nobatdaky gezek aýan etdi.
Şeýda GURBANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.