Türkmenistan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary bilen çykyş edýär

20-10-26

Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde döwletimiziň bu babatdaky ileri tutýan garaýyşlary sebitde ynanyşmagy berkitmek arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde giňden goldaw tapdy. Şonuň yzysüre Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitinde döwlet Baştutanymyz tebigatyň abadançylygynyň hatyrasyna anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Parahatçylygy we ynanyşmagy gorap saklamakda tagallalary birleşdirmek bolsa tebigatyň şol mümkinçiliklerinden peýdalanyp, gözelligi duýup ýaşamagyň baş şertidir.

Azerbaýjan Respublikasynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitinde Türkmenistanyň oňyn başlangyçlary, yklymyň geosyýasy giňişligindäki orny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda: “Syýasy şertler bilen birlikde, ykdysady baglanyşygy pugtalandyrmak, özara bähbitli söwdany giňeltmek we ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmek dünýäde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan döwründe ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyna bökdençlik döredýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar” – diýip, örän jogapkärli nygtaýar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy hakyndaky Kararnamasyny dowam etmek bilen, ýurdumyz ulag we logistika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň hatarynda Merkezi we Günorta Aziýanyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edýän yklymara ulag ugurlaryny döretmek hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlar bar.

Türkmenistan öz gezeginde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň has netijeli ulanylmagy, şeýle hem logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi ugrunda ynamly çykyş edýär.

Sammite başlyklyk edýän Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, beýan eden teklipleriniň hem-de başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem sammitiň dowamyndaky çykyşlarda ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, Aziýada ulag-logistika strategiýalaryny utgaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny hem-de ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, sanly özgertmeleri çaltlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere seredilip geçildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ählumumy abadançylygy üpjün etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Hemişelik Bitaraplygyň gymmatlyklaryny dünýä ýaýýan döwletimiz halkara hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna hem aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» we 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň «Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmek bilen bagly başlangyçlaryny bu ugurdaky wajyp başlangyçlar hökmünde görkezmek bolar.

Yklymda parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň hatyrasyna beýan edilen garaýyşlar, tebigaty — adamzadyň umumy öýüni goramak bilen bagly öňe sürlen başlangyçlar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynda aýratyn orun eýeleýär. Çünki hemişelik Bitaraplygymyzyň oňyn ýörelgelerine berk eýerýän ýurdumyz bu gün ynsanperwerligi baýdak edinip, oňyn başlangyçlary nusgalyk derejede durmuşa geçirmegiň göreldesini görkezýär.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dünýä äşgär edýän hem-de halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Yslamgeldi ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň Elektrotehnika we elektronika kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.