Hazarýaka döwletleriň jebisligi biziň esasy güýjümizdir
20-10-26
Türkmenistan sebit, halkara, dünýä derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 7 – 9-njy oktýabrynda Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen iri forumlardyr medeni çäreler türkmen halkynyň hoşniýetliliginiň, dost-dogana bolan hormatynyň aýdyň beýany boldy.
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyklarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi we beýleki çäreler geçirildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisinde Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýinlerinde suw serişdeleriniň ulanylyşynyň we suw howdanlarynyň işiniň jemleri jemlendi. Onda hakyky suw akymynyň gözegçiligi, Aralýaka çäklere sanitariýa-ekologiýa suw akymyny üpjün etmek, suw akymynyň tertibini kesgitlemek ýaly wajyp meselelere seredildi.
Mejlisde serhetýaka derýa akymlarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we suw hasabatyny awtomatlaşdyrmak, Aral deňziniň çäklerindäki ekologiýa ýagdaýyň täsirini ýeňilleşdirmek meselelerine garaldy, bilelikdäki ylmy barlaglary işjeňleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy, halkara guramalary bilen özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmek bellenildi.
Suw serişdelerini rejeli ulanmaga, hususan-da, Merkezi Aziýanyň iri derýalary bolan Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmaga bagyşlanan duşuşykda suw serişdelerini netijeli ulanmagyň tutuş sebitde azyk we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň esasy meselesi bolup durýandygy nygtaldy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar ekologiýa sammiti hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren «Hazar ekologiýa başlangyjyna» esaslanyp geçirilen çäre boldy.
Ýeri gelende, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2002-nji ýylyň 23 – 24-nji aprelinde Aşgabat şäherinde ilkinji gezek Hazarýaka döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilendigini we Hazar deňziniň ekologiýasyny, deňiz gurşawyny gorap saklamakda we deňziň hukuk derejesini kesgitleýän resminamalary taýýarlamak we kabul etmek boýunça işleriň başlangyjy bolandygyny, Hazar ykdysady forumynyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilip, ilkinji gezek 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň gününiň dabaraly bellenilen gününde geçirilendigini hem bellemek ýakymlydyr.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynda aýratyn orny eýeleýär. Çünki Türkmenistan bu Konwensiýany ilkinjileriň hatarynda 2004-nji ýylda tassyklady. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ekologiýa taýdan arassalygy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygy we beýleki senagat desgalary gurulýan döwründe «ýaşyl» tehnologiýalaryň ulanylandygy we başgalar onuň mysallarydyr.
Mejlisiň dowamynda deňziň bioserişdelerini gorap saklamak bilen bir hatarda, Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgäp durmagy we howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.
Hazar ekologiýa sammitinde hormatly Prezidentimiz Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň meseleleri boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topary döretmek baradaky teklibiň goldanýandygyny aýtmak bilen, toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň ýanynda alymlardan, bilermenlerden, hünärmenlerden hem-de bäş ýurduň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat ýöriteleşdirilen iş toparlaryny döretmegi, şeýle-de onuň ilkinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmegi teklip etdi. Türkmenistan Hazar deňziniň suw serişdelerini goramagyň Döwletara maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy hem goldaýar. Çünki ol başlangyç Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap saklamak boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryna laýyk gelýär.
Hazarýaka döwletleriň jebisligi biziň esasy güýjümizdir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu döwletleri halklaryň köpasyrlyk goňşuçylyk däplerine eýerip, mundan beýläk-de dostlukly hyzmatdaşlygy has ýokary derejede dowam etdirmäge çagyrdy.
Umuman, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 7 – 9-njy oktýabrda geçirilen çäreler birek-birege ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda geçdi we netijeli boldy. Şu çärelerde kabul edilen çözgütler döwletleriň mundan beýläk-de jebis hereket etmeklerine, dostlukly hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyna, giň gerime eýe bolmagyna gönükdirilendir.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Sülgün ŞANEPESOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Kompýuter ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.