Aziýada köptaraplaýyn we köpugurly başlangyçlar durmuşa geçiriler
20-10-26
Türkmenistan BMG-niň işini many-mazmun we düzüm babatda sebitde durmuşa geçirilýän çäreler bilen sazlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hereket edip başlan döwründen bäri parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara ynanyşmak we düşünişmek gatnaşyklaryny saklamakda, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekde Milletler Bileleşigini sebitiň ýurtlary bilen birleşdirýän täsirli gurala öwrüldi.
Türkmenistanyň tagallalary geoykdysadyýetiň uzak möhletli nusgalaryny döretmek boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürýär. Şunda strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ykdysady özgertmeleri we ulag arabaglanyşygy üpjün etmäge möhüm orun degişlidir. Bu babatda ýurdumyz durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýär. Durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylyk söýüji, inklýuziw jemgyýeti gurmaga ýardam bermek şol maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi.
Bellenilişi ýaly, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly esasy bäş ugry öz içine alyp, köptaraplaýyn we köpugurly dialog üçin amatly meýdança bolup durýar.
Geňeşiň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy ulag-logistika, durnukly energetika, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy durmak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň gözýetimleri açýar. Türkmenistan Geňeşde synçy döwlet bolmak bilen, bu meýdança ynanyşykly gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde garaýar hem-de Ýewraziýa giňişliginde özara hormat goýmak ýagdaýyny pugtalandyrmakda deňagramly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň ýardam berýär.
Sammitdäki çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine yklymda parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde garaýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, howpsuz we durnukly ösüşiň möhüm şertleri ykdysady baglanyşygy pugtalandyrmak, özara bähbitli söwdany giňeltmek we ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmek bolup durýar. Dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan döwründe ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyna bökdençlik döredýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň has netijeli ulanylmagy, şeýle hem logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär.
Döwlet Baştutanymyz Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy. Şeýle format milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer. Öz çykyşynda hormatly Prezidentimiz emeli aňy ulanmak, ekologiýa hyzmatdaşlygy we ýaşlar diplomatiýasy bilen baglanyşykly täze başlangyçlary hem beýan etdi.
Türkmenistan halklaryň arasynda özara düşünişmegiň, birek-birege hormat goýmagyň, dostlukly gatnaşyklaryň köprülerini gurmagyň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer gün tertibini işjeň ilerledýär. Parahatçylyk we ynanyşmak ählumumy abadançylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm şertleriniň biri bolup, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi wajyp ähmiýete eýedir. Geografik taýdan ýerleşişi bilen baglylykda, bu ýurtlar üçin ulag-logistika infrastrukturasynyň durnuklylygy örän wajypdyr. Munuň özi degişli wezipeleri çözmekde utgaşdyryjy çemeleşmeleriň we hereketleriň zerurdygyny şertlendirýär.
Ykdysady ösüş, söwda, serhetýaka proseslerini kadalaşdyrmak, sanly çözgütleri sazlaşdyrmak nukdaýnazaryndan, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Aziýa ýurtlary uly mümkinçiliklere eýedir. Çünki şol ýurtlaryň diňe bir geografik taýdan ýerleşişi birmeňzeş bolman, eýsem, olar medeni mirasyň we däp-dessurlaryň umumylygyna-da eýedir. Sebitleýin çemeleşme halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, bilimleri alyşmaga we dialogy giňeltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat doktrinasyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyz halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda “Günorta-Günorta” formatynda özara gatnaşyklar üçin açykdyr.
Şeýlelikde, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi ählumumy hyzmatdaşlygy we netijeli halkara dialogy giňeltmekde täze möhüm ädim bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny, umumy abadançylygyň bähbidine tejribesini hem-de mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardygyny görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ogultäç PENAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Kompýuter ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.