Sagdyn nesil - sagdyn jemgyýet
21-10-26
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Täze Arkadag şäherinde bolsa innowasion lukmançylyk klasteri kemala gelýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi saglygy goraýşyň esasy ugurlaryny kesgitlemek we degişli strategiýalary işläp düzmek hem-de ýerine ýetirmek; jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek; daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak; ulgamyň guramaçylygyny, dolandyrylyşyny we maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek; saglygy goraýşyň ilkinji halkasy bolan saglyk öýleriniň işini täzeden guramak; hassahana, şypahana hyzmatlaryny hil taýdan kämilleşdirmek; Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kadalaşdyrmak; derman senagatyny giňeltmek we halkara derejä çykarmak; degişli düzümleri öz kärine ussat hünärmenler, maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek; kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipelere esaslanýar.
Bilşimiz ýaly, her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi.
Häzirki zaman lukmançylygynyň gazananlarynyň durmuşa geçirilmegi, keselleriň dessin ýüze çykarylmagy, netijeli bejeriş hyzmatlarynyň üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyz Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem meşhur “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagynyň ähmiýeti bellenildi. Nygtalyşy ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap ösüşine itergi boljak bu düzümleriň her biri gaýtalanmajak jemgyýetçilik-durmuş we innowasion aýratynlyklara eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksatdan ugur alnyp, paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Çäräniň esasy maksady saglygy goraýyş, bilim we sport ugurlarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri, durmuşa geçirilýän giň gerimli işleri we bu ulgamlaryň geljekki ösüş mümkinçiliklerini görkezmekden, şeýle hem hünärmenleriň arasynda tejribe we pikir alşygyny ösdürmekden ybarat boldy.
Serginiň esasy aýratynlygy saglygy goraýyş, bilim we sporty biri-birinden üzňe däl-de, bitewi ulgam hökmünde göz öňünde tutmagydyr. Çünki sagdyn jemgyýetiň binýady sagdyn nesilden başlanýar. Sagdyn nesli kemala getirmek üçin bolsa ýokary hilli bilim, döwrebap saglygy goraýyş hyzmatlary hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler zerurdyr.
Ýaş nesliň bilimli we ylymly bolmagy ýurduň geljegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalary ulanmak, okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, hünärmenleriň tejribesini artdyrmak we halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlaryny öwrenmek boýunça işler öňe sürülýär. Şeýle çemeleşme ýaşlaryň diňe bir bilim taýdan däl, eýsem, durmuş we hünär taýdan hem kämilleşmegine şert döredýär.
Sport ýaşlaryň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan berk we maksada okgunly bolup ýetişmeginde möhüm serişdeleriň biri hökmünde çykyş edýär. Sportuň we sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi milletiň saglygyny berkitmäge, berk bedenli, belent ruhly we hyjuwly ýaşlary kemala getirmäge gönükdirilýär. Şonuň üçin bilim bilen sportuň sazlaşygy ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine oňyn täsir edýär.
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň geçirilmegi hem şu bitewi ýörelgäniň aýdyň beýanydyr. Sergi we ylmy maslahat bu ugurlarda toplanan tejribeleri, gazanylan üstünlikleri giňden ara alyp maslahatlaşmaga, hünärmenleriň arasynda pikir we tejribe alyşmaga mümkinçilik berýän möhüm meýdança öwrüldi. Şeýlelikde, saglygy goraýyş, bilim we sport biri-biriniň üstüni ýetirýän, ýaş nesliň sagdyn, bilimli, giň dünýägaraýyşly we kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini üpjün edýän möhüm ugurlardyr.
Halkynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Berkarar Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirjek beýik başlangyçlary has-da rowaç alsyn!
Solmaz ÝAMADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Kompýuter ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.