Şypahana hyzmatlarynyň guwandyryjy sepgitleri
21-10-26
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berk binýadyny goýan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde belent sepgitlere, uly üstünliklere ýetilip, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ýurdumyzda häzirki zaman şypahanalary guruldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ulgamda üstünliklere ýetmekde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen kabul edilen, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy esasynda durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň örän uly ähmiýete eýe bolandygyny bellemek aýratyn buýsançlydyr.
Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Sanatoriýa-şypahana ulgamy — Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm bölegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet durmuş syýasatynyň ähmiýetli ugry bolup durýar. Bu gün ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar bolup, olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. «Arçman» şypahanasynda gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen giň gerimli işlere badalga berildi. 2009-njy ýylda bu ýerde 400 orunlyk täze bina guruldy. Şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi we giň gerimli abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, şypahananyň çäklerinde Saglyk ýoly çekildi. Bu bolsa şypahananyň melhem suwy arkaly bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Türkmenistanyň çäklerinden alyslarda hem tanalýan «Arçman» şypahanasy Köpetdagyň gözel künjeginde, Aşgabatdan 130 kilometr günbatarda ýerleşýär. Arçmanyň jana şypaly suwy baradaky rowaýatlar köp wagtdan bäri bellidir. Şypahananyň özi ýüz ýyldan gowrak mundan öň esaslandyrylyp, ol ýerli ilatyň, ýakyn we alys ýurtlardan bolan myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilen durkuny düýpli täzelemek işlerinden soň, welaýatyň meşhur şypahanalarynyň biri döwrebap şypahana-sagaldyş merkezine öwrülip, tutuş ýylyň dowamynda müşderileri kabul etmek mümkinçiligine eýe boldy. Olara dünýä derejesinde lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek bilen, ýaşamak üçin hem amatly şertleri döredýär.
Şypahana deri kesellerinden, iýmit siňdiriş, ýürek-damar we nerw ulgamy, öt çykaryjy ýollary we daýanç-hereket ediş ulgamlarynyň kesellerinden ejir çekýän adamlary bejermäge ýöriteleşdirilendir. Şypahananyň dermanlyk suwy esasy bejeriş şerti bolup, onuň düzüminde himiki elementleriň 24-si kesgitlenildi. Suwdaky kükürt wodorodynyň derejesi ony bejeriş hem-de agyz suwlarynyň hataryna degişli etmäge mümkinçilik berýär. Arçmanyň pes aşgarly ýyly mineral suwunyň artykmaçlygy ony içmek üçin, şeýle hem suw bilen bejermek kadalaryny geçirmek üçin ulanyp bolýanlygyndan ybaratdyr.
Deňiz derejesinden 160 metrden gowrak beýiklikde, Köpetdagyň demirgazyk eteginde ýerleşen şypahananyň düzüminde dynç alýanlar üçin köp gatly binalaryň birnäçesi bar. Bu ýerde maslahat beriş-anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejermek üçin ähli şertler döredildi. Ultra sesli, elektrokardiologiýa, endoskopiki we bronhoskopiki, şeýle hem rentgen barlaglaryndan geçip bolýar. Endoskopiýa, UZI, EKG, fizioterapiýa, owkalaýyş we bejeriş bedenterbiýesi otaglary hereket edýär. Bu ýere gelenleri dürli lukmançylyk hünärmenleri — stomatolog, okulist, LOR-lukmany, gastroenterolog we beýlekiler kabul edýär.
Bulardan başga-da, şypahanada döwrebap enjamlaryň bolmagy netijesinde bejermegiň mehanoterapiýa we yşyk bilen bejeriş, elektroson we magnitoterapiýa, iňňeler bilen bejeriş hem-de darsenwal tolkunlary, parafin bilen bejeriş hem-de şöhleli wannalar we beýleki usullar ulanylýar. Suw bilen bejeriş otaglary duşuň ähli görnüşlerini, şol sanda Şarko, kontrast, aýlawly, ýokary galdyrýan duş, suw bilen owkalamagyň görnüşlerini hödürleýär.
Özgertmeler maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistan Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde ykrar etdiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmekde, bu ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmekde alyp barýan köpugurly işleri hemişe rowaçlyklara ýaran bolsun!
Şemşat AŞYROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Önümcilik proseslerini awtomatlaşdyrmak fakultetiniň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.