Dialog – umumy adamzat bitewiliginiň ýoly
21-10-26
Bilşimz ýaly, ýakynda Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, yzysüre bolsa GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu sammitler olara gatnaşýan döwletleriň Garaşsyzlygynyň, şol sanda GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçýändigi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan» formatynda hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa sammitiniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň, halkara zenanlar dialogynyň, «Tatar gyzy — 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň we beýleki birnäçe çäreleriň guralmagy sebitiň ýewraziýa gatnaşyklaryndaky ornunyň barha giňeýändigini tassyklady.
Ýurdumyz parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, Bitaraplyk syýasatyny ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermegiň guraly hökmünde ulanýar. Bu ugurda döwletimiz öz anyk tekliplerini yzygiderli beýan edip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Awaza duşuşyklarynda hem teklipleriň birnäçesini öňe sürdi.
GDA-nyň sammitiniň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça ylalaşyga gelinmegi sebit döwletleriniň milli bähbitleri göz öňünde tutmak hem-de olaryň deňagramlylygyny saklamak ugrunda çykyş edýändigini aňladýar. Gurama Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň bir bölegi bolup durýar. Häzir «GDA +» formatyny döretmek we guramanyň edaralarynyň işine gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlary, ilkinji nobatda, goňşulary çekmek meýilleşdirilýär. Bu gezek goňşy hyzmatdaşyň ornunda formatyň çägindäki gepleşiklere Eýran hem gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşanda, onuň GDA-nyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň döwletara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak, halkara we sebit boýunça pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredendigini aýtdy.
Ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz parahatçylygy, daşky gurşawy we durnuklylygy üpjün etmek, umumy abadançylygyň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda sammitiň çuňňur geosyýasy we geoykdysady özgerişlikleriň döwründe geçýändigini belläp, şunda halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” we 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň “Dialog we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek baradaky başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerini has giňden ulanmagyň möhümdigini nygtady.
Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmek maksadalaýyk bolardy diýip hasaplaýarys. Şeýle format milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasyna ugrady. Bu giň möçberli çärä BMG-niň Baş sekretary, döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, tebigaty goramak boýunça guramalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurdumyzyň biologik köpdürlüligi gorap saklamaga hem-de howa boýunça öňde duran wezipeleri ýeňip geçmäge gönükdirilen giň gerimli strategiýasyny hödürledi. Döwlet Baştutanymyz bioköpdürlüligiň azalmagynyň, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň we topragyň ýaramazlaşmagynyň ekologiýa howpsuzlygyna hem-de ýurtlaryň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we Hereketleriň meýilnamasynyň bu ugurdaky işiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtady.
Hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyza islendik meseleleri netijeli ara alyp maslahatlaşmak üçin ygtybarly we obýektiw köpri hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär. Awazadaky, Bakuwda we Ýerewanda geçen sammitleri sebit hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm tapgyr boldy we ýakyn ýyllar üçin gatnaşyklaryň täze ösüş ugurlaryny kesgitledi. Türkmenistan Ýewraziýanyň ýüregi hökmünde gadymy taryhy derejesini gaýtadan dikeldýär. Şunda ol tutuş sebit üçin ygtybarly, açyk we durnukly hyzmadaş hökmünde çykyş edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Abat BERDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Önümcilik proseslerini awtomatlaşdyrmak fakultetiniň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.