Ýurdumyzyň ekologiýa halkara strategiýasy dabaralanýar
24-10-26
Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy Konwensiýalaryny tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlylyk görkezýär. Olardan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak maksady baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky Konwensiýa, Biologiýa taýdan köpdürlilik baradaky Konwensiýa, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýa, Suw — batgalyk yerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy ýaly halkara resminamalaryň esasynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlygyň netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini hem bellemek zerurdyr.
Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak boýunça milli strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ol her bir adamyň, tutuş jemgyýetiň we tebigatyň özara täsiri, adamyň daşky gurşawa garaşlylygy hem-de daşky gurşawy özgerdiji hökmünde onuň jogapkärçiligi baradaky garaýyşa esaslanýar. Hormatly Prezidentimiziň Ermenistan Respublikasynda BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatyň çäklerinde geçirilen Liderler sammitinde eden çykyşynda bu ugur boýunça birnäçe teklipleri öňe sürmegi hem ekologiýa syýasatymyzyň ýörelgelerine esaslanýar. Ýerewandaky «Meridian» sergi we çäreler merkezinde geçirilen ýokary derejeli sammite BMG-niň Baş sekretary, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlary, tebigaty goramak boýunça guramalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi goramak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň esasy maksatnamasyna (COP17) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Liderleriň şu gezekki sammitiniň döwletleriň dünýäde biologik köpdürlüligi gorap saklamaga hem-de kabul eden borçnamalaryndan anyk hereketlere geçmäge umumy syýasy erklerini tassyklamak üçin mümkinçilik döredýändigini belledi. Biziň ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk ygrarly bolmak bilen, BMG-niň tebigaty goramak boýunça konwensiýalarynyň ýörelgelerini yzygiderli goldaýar. Ýurdumyzyň ekologiýa döwlet strategiýasy milli bähbitler bilen ählumumy ösüş ýörelgelerini sazlaşykly utgaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bioköpdürlüligiň azalmagynyň, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň we topragyň ýaramazlaşmagynyň ekologiýa howpsuzlygyna hem-de ýurtlaryň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýän özara baglanyşykly wehimler bolup durýandygyndan ugur alýandygyny bellemek bilen, bu işde birnäçe ileri tutulýan ugurlara esaslanylýandygyny nygtady. Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasy we Hereketleriň meýilnamasy halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ählumumy çarçuwaly maksatnamanyň maksatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylandyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz serhetüsti ekoulgamlary, haýwanlaryň migrasiýa ýollaryny we tebigy serişdeleri gorap saklamak maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunda ýurdumyzyň Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyna, Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamyny goramaga hem-de çölleşmä garşy göreşmäge aýratyn ähmiýet berýändigine ünsi çekdi. Bu wezipeleriň netijeli çözülmegi döwletleriň ylalaşyky hereketlerini, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri hem-de hyzmatdaşlygyň uzak möhletli gurallaryny talap edýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda tebigy prosesleri ylmy esasda öwrenmek, suw hem-de deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak, ekologik gözegçiligiň usullaryny kämilleşdirmek ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygy we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi dowam etjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň ýokary derejeli sammitde beýan eden garaýyşlary ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda halkara hyzmatdaşlyga taýýardygynyň aýdyň görkezijisi boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ekologiýa howpsuzlygynyň we amatly daşky gurşawyň ýokary derejede goralmagy ugrunda alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!
Röwşen AGALYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radio tehnologiýalary fakultetiniň Elektorinika howpsuzlyk ulgamlary hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.