«Awaza» sammiti – halkara hyzmatdaşlygyň dialogy

24-10-26

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açyp görkezýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň eksport önümleriniň, ykdysady üstünlikleriniň sergisi halklaryň ykdysady kuwwatyny hem-de ösüşe bolan ymtylyşyny şöhlelendirdi. Ýurtlaryň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ykdysady mümkinçilikleri hem-de medeni aýratynlyklary, durmuşa geçirýän başlangyçlary we taslamalary öz içine alýan möhüm ähmiýete eýe bolan gözden geçiriliş özara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge uly ýardam etdi.

Ýokary guramaçylykly geçen duşuşyk doganlyk döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini, olaryň halklarymyzyň ösüşiniň hem-de abadançylygynyň bähbidine bilelikde işlemäge, sebitde, şeýle hem ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandyklaryny tassyklady. Konsultatiw duşuşyklaryň altytaraplaýyn formaty bu maksatlary gazanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň kadalaşdyryjy resminamalary hakyndaky Çözgüde gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar. Şeýle hem mejlise hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian gatnaşdy.

Sammitde 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk etmegi hakyndaky Çözgüde; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakyndaky Teswirnamalaýyn Çözgüde; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň  Baştutanlarynyň Beýannamasy hakyndaky Çözgüde; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda Teswirnamalaýyn Çözgüde; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2029-njy ýyly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygy ýyly» diýip yglan etmek hakynda Çözgüde gol çekildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň parahatçylyk döredijiligiň we sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dünýä äşgär edýän hem-de halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Tañryberdi BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radio tehnologiýalary fakultetiniň Radioaragatnaşyk, radioýaýlym, telewideniýe hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.