Saglygy goraýyş ulgamyndaky tagallalar
24-10-26
Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Onuň üsti Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri bilen yzygiderli ýetirilip durulýar. Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna we ortaça ýaşynyň artmagyna örän oňat täsir edýär. Çünki ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmeklerini gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi. Bu hünär baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabaralar Türkmenistan döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.
Häzirki zaman lukmançylygynyň gazananlarynyň durmuşa geçirilmegi, keselleriň dessin ýüze çykarylmagy, netijeli bejeriş hyzmatlarynyň üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyz Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem meşhur “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagynyň ähmiýeti bellenildi. Nygtalyşy ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap ösüşine itergi boljak bu düzümleriň her biri gaýtalanmajak jemgyýetçilik-durmuş we innowasion aýratynlyklara eýedir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl doldy. Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Ulgamyň ähli düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesi, döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitap saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynda ýurdumyzyň we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin sowgat boldy. Kitabyň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň bu ugurdaky döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze iri saglygy goraýyş desgalaryny gurmak hakynda birnäçe resminama gol çekmegi ulgamy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saglygy goraýyş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hem-de täze desgalaryň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan ata Watanymyzda adam, onuň saglygy hakyndaky aladanyň yzygiderli, ählitaraplaýyn häsiýete eýedigini tassyklady. Çünki saglyk iň gymmatly baýlyk bolmak bilen, bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda beýik işleri amala aşyryýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Seýitmyrat BAÝRIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radio tehnologiýalary fakultetiniň Radioaragatnaşyk, radioýaýlym, telewideniýe hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.