Awaza duşuşyklary – giň gerimli hyzmatdaşlyga badalga

25-10-26

Häzirki döwürde halkara syýasat döwletara gatnaşyklarda çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli çemeleşmeleri talap edýär. Awaza duşuşyklary dostlukly döwletleriň döwrüň möhüm meselelerini hut şeýle ýörelgeler esasynda çözmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Awazada syýasy çözgütleriň aň-paýhas, tehnologik we medeni-ynsanperwer binýadyny goýan çäreleriniň tutuş toplumy ýaýbaňlandyryldy. Ekologiýa abadançylygy, habarlar giňişligi, gender deňligi, saglygy goraýyş, azyk bolçulygy, demografiýa ýaly möhüm ugurlara bagyşlanan giň gerimli çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi türkmen diplomatiýasynyň häzirki zaman gün tertibiniň iň çylşyrymly meseleleriniň tutuş toplumyny çözmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge ukyplydygyny şöhlelendirdi.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmegi netijeli dialog üçin abraýly merkez hökmünde Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy.

Awazada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we bu sebit dialogyna ilkinji gezek resmi taýdan gatnaşan Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýokary derejeli çäreleriň dowamy boldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meseleleri duşuşygyň üns merkezinde boldy. Sebitiň uly mümkinçiliklerini açmaga ugrukdyrylan birnäçe strategik başlangyçlar beýan edildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda çözgüde gol çekildi.

Hazaryň türkmen kenarynda – ýurdumyzyň gözel künjeginde geçirilen dabaraly konsertde dostlukly döwletleriň Baştutanlary hem gatnaşdylar. Dabaranyň başynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly döwletara telewizion filmler bäsleşiginde «Ahalteke bedewi — milletiň genji-hazynasy» atly filmi bilen ýeňiji bolan russiýaly režissýor Robert Fransewe bäsleşigiň ýörite ýadygärlik heýkeli, diplomy, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 10 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy gowşuryldy. «Tatar gyzy — 2026» atly halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baş baýraga mynasyp bolan özbegistanly A.Mahmudowa bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — «ZEEKR X9» kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.

Awazada geçirilen ýokary derejeli halkara çäreleriň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi esasy wakalaryň biri boldy. Şeýle hem mejlise hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian gatnaşdy. Ýokary derejede geçirilen mejlis GDA ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini subut etdi. Çykyşlaryň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, köptaraply hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde duran döwür üçin özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýän resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary sammiti geçirmek baradaky başlangyç üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdiler hem-de Hazaryň ekologiýa meselelerini, olaryň hatarynda deňziň suwunyň azalmagynyň öňüni almak, onuň ekoulgamyny we bioköpdürlüligini gorap saklamak meselelerini çözmekde bilelikdäki tagallalaryň wajypdygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň meseleleri boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topary döretmek baradaky teklibi goldady we toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň ýanynda alymlardan, bilermenlerden, hünärmenlerden hem-de bäş ýurduň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat ýöriteleşdirilen iş toparlaryny döretmegi teklip etdi. Toparyň ilkinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmek teklip edildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar ekologiýa sammitiniň netijeleri boýunça Çözgüdine gol çekildi hem-de Hazar ekologiýa sammitinde Başlyklyk edijiniň Beýannamasy kabul edildi.

Hazaryň türkmen kenarynda guralan ýokary derejeli çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan giň gerimli hyzmatdaşlyk strategiýasyny hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirýändigini aýdyň görkezdi.  Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Wepa NURMYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radio tehnologiýalary fakultetiniň Senagat elektronikasy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.