Köpasyrlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň gatnaşyklary
26-10-26
Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň ýurtlary bilen deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarly bolmagynda galýar. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär. Türkmenistan GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary köpasyrlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň esasynda yzygiderli ösdürmek bilen, özara hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär. Munuň şeýledigini 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi aýdyň tassyklaýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesi Türkmenistana ynanyldy. Ýurdumyz bu möhüm wezipä uly jogapkärçilik bilen çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny öz içine alýan degişli Konsepsiýa işlenip düzüldi. Türkmenistanyň şu ýylky başlyklyk etmeginiň çäklerinde degişli geňeşleriň we toparlaryň mejlisleri, şol sanda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, GDA agza döwletleriň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň 84-nji mejlisi, GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň hem-de GDA agza döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisleri geçirildi.
GDA-nyň döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki Geňeşiniň mejlisinde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň esasy meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Syýasy ugurda sebitleýin howpsuzlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmak, bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek, GDA-nyň parahatçylykly dialogyň we özara düşünişmegiň meýdançasy hökmündäki ornuny berkitmek meseleleri gün tertibiň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlendi. Türkmenistan hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde halkara hukugyny goramak boýunça tagallalary birleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Howpsuzlyk ulgamynda döwletler daşarky serhetlerde utgaşdyrylan hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, şeýle hem halkara terrorçylygyna, kiberjenaýatçylyga, korrupsiýa, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we bikanun migrasiýa garşy bilelikde göreşmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem Türkmenistan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary ilerletmek ugrunda işjeň çykyş edýär. Innowasiýalar babatdaky hyzmatdaşlyga we ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunda giň şahaly we howpsuz halkara ulag infrastrukturasyny döretmek ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde kesgitlenýär.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ösüş Strategiýasyny durmuşa geçirmek, erkin söwda zolagyny pugtalandyrmak, senagat kooperasiýasyny höweslendirmek we bilelikde öndürilýän önümleri üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykarmak görkezildi. Daşarky ykdysady täsirleri azaltmak maksady bilen gatnaşyjy döwletler maliýe, energetika, ulag we senagat pudaklaryny ösdürmek, şeýle hem innowasiýalary we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly ykdysady howpsuzlygyň derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýärler.
Bulardan başga-da, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport, ýaşlaryň alyş-çalyş maksatnamalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ugurlary öz içine alýan ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem bar.
GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri boýunça birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Agza döwletler guramanyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Resminamada tagallalary birleşdirmek baradaky çözgüdiň özüni doly ödeýändigi bellenilýär. Köp sanly ählumumy institutlaryň netijeliliginiň peselýän şertlerinde GDA deňhukukly dialog we strategik hyzmatdaşlyk üçin çeýe hem-de durnukly meýdança hökmünde zerurdygyny subut etdi.
Ýeri gelende bellesek, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2029-njy ýyly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda GDA-nyň ulag arabaglanyşygy ýyly diýip yglan etmek hakynda” Çözgüdiň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ýurdumyz ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmegiň işjeň tarapdary hökmünde bu ugry ykdysady ösüşiň, sebit integrasiýasynyň we söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň esasy şertleriniň biri hökmünde yzygiderli öňe sürýär.
Bu günki gün ulag ulgamy dünýäde globallaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Türkmenistan hem iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet hökmünde ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerine eýedir. Ýurdumyzyň ulag strategiýasy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine esaslanýar. Häzirki wagtda döwletimiz bu gymmatly mirasy täzeden dikeltmegi maksat edinip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin ulag geçelgeleriniň, logistikanyň möhüm ähmiýetine ünsi çekýär.
Bu günki gün Türkmenistan anyk hereketleri amala aşyrmak arkaly gadymy Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek ugrunda uly tagallalary edýär. Bu isleg GDA döwletleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýükleri üstaşyr daşamagyň özüne çekijiligini, bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün edýän bitewi, köpugurly we daşary ýurtlar bilen goşulyşan ulag giňişligini emele getirmäge aýratyn üns berilýär.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Awaza sammiti agza döwletleriň ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini tassyklady. Bu ugurda uly tagallalaty edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Saparjemal ATADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.