«Awazada» geçirilen taryhy ähmiýetli halkara çäreler
26-10-26
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüşler gazanylýar. Jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklanylýar. Türkmenistan sebit, halkara, dünýä derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, şeýle-de şu ýylyň 7 – 9-njy oktýabrynda Awazada geçirilen halkara çäreler muny tassyklaýar.
7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisinde bellenilişi ýaly, telewideniýe, radiogepleşikler we kino sungaty ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde özara maglumat we telewizion gepleşikleri alyşmak asylly ýörelgä öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, GDA agza döwletleriň teleradioýaýlymlary bilen özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi wajyp ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir.
8-nji oktýabrda bu gözel künjekde ýurdumyzyň we sebitiň döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda telewideniýe we kino sungatynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan metbugat maslahaty geçirilip, bu maslahata gatnaşyjylar telegepleşikleri we maglumatlary alyşmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, žurnalistleriň hem-de teleradioýaýlymlaryň hünärmenleriniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine uly gyzyklanma bildirýändiklerini, şunuň bilen baglylykda, halkara telewizion we medeni çärelere gatnaşmagyň, yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň degişli düzümleriň işini ösdürmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen taryhy ähmiýetli halkara çäreleriň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly döwletara telewizion filmleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem boldy. Munuň özi GDA-nyň çäklerinde bar bolan teleýaýlymlarda we kinostudiýalarda döredilýän filmleriň ählumumy talaplara laýyk gelmegini üpjün etmek ugrunda edilýän bilelikdäki tagallalaryň aýdyň netijesidir.
Şu ýylyň möhüm wakasyna öwrülen we dünýä ýüzündäki şan-şöhraty belende göterilen ahalteke bedewleriniň waspynyň beýan edilmegine bagyşlanan bäsleşik uly dabaralar bilen jemlendi. Ýokary sylaglara we degişli baýraklara mynasyp bolanlaryň hatarynda, ildeşimiz Rahymberdi Annagulyýewiň bolmagy has-da buýsandyryjydyr. Onuň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Atamdan galan» atly film bäsleşigiň birinji ornuna mynasyp boldy.
Şeýle hem şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynda ýaýbaňlandyrylan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti hem bu dabara gatnaşyjylara ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary bagyş etdi. Medeni çärä hormatly Prezidentimiz hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýurdumyzyň medeni diplomatiýany işjeň ilerledýändiginiň, sungat arkaly döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Halkymyzyň abadan durmuşyny ygtybarlandyrmak, döwletimiziň ösüşlerini has-da işjeňleşdirmek ugrunda, şeýle hem ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylmagynyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Leýli MUHAMMETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.