BAGTYÝAR GELJEGIŇ EÝESI ÝAŞLAR
26-10-26
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi döwletimizde durmuşa geçirilýän her bir işiň maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär.
Ajaýyp zamanada, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde ylymly, bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär. Şunda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, öwrenmek hem-de milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini wagyz etmek arkaly sagdyn, ýokary ahlakly, bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli geçirilip durulýar. Ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmegi ugrunda döwletli işler amala aşyrylýar.
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olary watansöýüjilik, millilik we raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemäge, ýurduň ýaş raýatlaryny dünýä medeniýetine ýakynlaşdyrmaga, olaryň hukuk medeniýetini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmäge, bilim, ylym almaklary we iş üpjünçiligi bilen bagly zerur şertleri döretmäge, ýaşlar başlangyçlaryny we telekeçiligini goldamaga, ýaş maşgalalara durmuş goldawyny bermäge gönükdirilmegi ýaşlar syýasatyna döwletimizde möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara forumlarda, bäsleşiklerde we dürli ylmy-amaly maslahatlarda üstünlikli çykyşlary, olaryň döwrebap tejribäni özleşdirýändigi hem-de dünýä derejesinde öz ornuny pugtalandyrýandygy maksatnamada beýan edilip, bu işleri dowam etdirmeklik barada hem bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ösmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetiň döwletiň bähbitlerine, ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini has doly amala aşyryp bilmekleri üçin mümkinçilikleri giňeltmäge has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, ýurdumyzyň ösüş depginini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Häzirki ösüşlere beslenýän döwrümizde ýaşlaryň halkymyzyň milli ýörelgelerine, däp-dessurlaryna eýerip, giň dünýägaraýyşly, ylymly, bilimli bolup ýetişmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr”. Täze taryhy eýýamda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, zehin başarnyklaryny açmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillere milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýe bermek, olara sowat, bilim öwretmek, hünäre ugrukdyrmak işleriniň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda bu ugra aýratyn üns berilýär we bilim ulgamynyň özgertmelerine giň mümkinçilikler döredilýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli ruhda terbiýelenip, geçmişimize, milli mirasymyza buýsanýarlar. Olar bagtyýar şu günümize, nurana geljegimize guwanýarlar. Esasan hem nesil terbiýesinde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şadiwanlary uly gollanma bolup durýar. Biz hem bilim işgärleri hökmünde bu ajaýyp eserleri çuňňur öwrenip, ýaş nesillerimize kitabyň many-mazmunyny düşündirýäris. Munuň özi ilkinji nobatda, ýaşlarda milli buýsanç döremegine hem-de dünýägaraýyşlarynyň has-da giň bolmagyna oňat ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgesi ýurduň her bir raýatynyň ajaýyp döwrümizde erkana durmuşda ýaşamagyna, döredijilikli zähmet çekmegine giň şertleri döredýär. Şeýle ajaýyp durmuşyň goýnunda ýaşaýan her bir türkmenistanly Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga borçludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watany jandan eziz söýmegiň ýörelgesini, beýik adamkärçiligiň nusgalyk işleri bilen belent duýgulary kalbymyza guýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Nurylla REJEPOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyň mugallymy, demokratik partiýasynyň başlygy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.