Awaza sammiti - netijeli halkara gatnaşyklara badalga

26-10-26

Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda iri sebitleýin we halkara guramalary bilen hoşniýetli, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge yzygiderli üns berýär. Şeýle abraýly sebitleýin guramalaryň biri hem üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginde ähmiýeti barha artýan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bolup durýar. Munuň şeýledigine şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň hem-de beýleki ugurdaş çäreleriň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Bitarap Türkmenistanyň GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň ýurtlary bilen deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarly bolmagy ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär. Türkmenistan GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary köpasyrlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň esasynda yzygiderli ösdürmek bilen özara hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär. Bilşimiz ýaly, geçen ýyl Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde 2026-njy ýylda Türkmenistanyň bu iri guramada başlyklyk etmegi baradaky çözgüt biragyzdan kabul edilipdi.

Ýurdumyz GDA döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň esasyny düzdi. Bu wajyp resminamada sebit howpsuzlygyny we özara ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmaga, Bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge, parahatçylyk dialogynyň, özara düşünişmegiň meýdançasy hökmünde GDA-nyň ornuny pugtalandyrmak üçin diplomatik gurallardan netijeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, bu resminama köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we geljegi nazara alyp, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meselelerine, hususan-da, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak babatda ägirt uly mümkinçilikler bar. Şunda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy utgaşdyrýan, Arkalaşygyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň hem-de Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli çözgütleriniň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýerine ýetiriji gurama hökmünde GDA-nyň ykdysady Geňeşine möhüm orun degişlidir.

Türkmenistan GDA döwletleriniň ulag-aragatnaşyk, logistika we infrastruktura mümkinçilikleriniň doly derejede açylmagyna uly ähmiýet berip, bu ugurda yzygiderli çäreleri amala aşyrýar. Ýurdumyz durnukly Ýewraziýa ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek ugrunda köpugurly işleri alyp barýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň demir ýol ugurlarynyň mümkinçiliklerini birleşdirmegiň, GDA döwletleriniň arasynda multimodal gatnawlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygy has-da artýar. Bu babatda Arkalaşygyň ulag ýollaryny Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça halkara geçelgeler bilen sazlaşdyrmak, ulag hyzmatlarynyň hilini hem-de elýeterliligini ýokarlandyrmak wajyp ähmiýete eýedir.

Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, energiýa serişdelerini durnukly we howpsuz ibermekde gatnaşyklary pugtalandyryp, elektroenergetika infrastrukturasyny ösdürmäge, energiýa babatda netijeli tehnologiýalara, gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berýär. Ýurdumyz GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ykdysady ugry babatda özara söwdany, maýa goýum, işewürler işjeňligini höweslendirmegi we ösdürmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Türkmenistan ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly dünýä syýasatynyň gaýragoýulmasyz meselelerini çözmäge jogapkärli çemeleşip, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, tebigatdan rejeli peýdalanmak, obasenagat kooperasiýasy, ekologiýa ugurly taslamalar ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Kabul edilen Konsepsiýada ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri hem öz beýanyny tapýar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň giňişliginde umumy taryhy mirasy gorap saklamaga ýardam berýär. Türkmenistan bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda GDA ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. 2026-njy ýylyň GDA-da «Saglygy goramagyň ýyly» diýlip yglan edilmegi esasynda, ýurdumyz bilim ulgamynda GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen talyplary hem-de mugallymlary alyşmak babatda birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Döwletimizi bu gurama girýän agza ýurtlar bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi hem-de beýleki ugurdaş çäreler döwletimiziň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny tassyklaýar.

Eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny we ruhy binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrýantürkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Muhammetaly ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radio tehnologiýalary fakultetiniň Senagat elektronikasy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.