Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar

26-10-26

Sebitiň syýasy, ykdysady, ekologiýa gün tertibiniň meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz parahatçylygy, daşky gurşawy we durnuklylygy üpjün etmek, umumy abadançylygyň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň Baku şäherinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bilşimiz ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy. Öz taryhy çykyşynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiz sammitiň çuňňur geosyýasy we geoykdysady özgerişlikleriň döwründe geçýändigini belläp, şunda halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” we 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň “Dialog we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek baradaky başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerini has giňden ulanmagyň möhümdigini nygtady.

“Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “Durnukly ulagyň onýyllygy” hakyndaky Kararnamasyny dowam etmek bilen, ýurdumyz ulag we logistika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň hatarynda Merkezi we Günorta Aziýanyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edýän yklymara ulag ugurlaryny döretmek hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlar bar.

Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmek maksadalaýyk bolardy diýip hasaplaýarys. Şeýle format milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, sanlylaşdyrmak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti hem barha artýar, emeli aň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalar ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, olaryň ulanylmagy halkara hukuga, ynanyşmak we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyny goldamaga çagyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, “ýaşyl” çözgütleri ilerletmek boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn platformany — Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine gatnaşyjy ýurtlaryň işjeň hem-de zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň toruny döretmegi teklip etdi. Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň bu formaty ýurtlarymyzyň parahatçylyk, özara hormat goýmak we netijeli medeniýetara dialog taglymlaryny ilerledip biler.

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleri Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we umumy abadançylygy üpjün etmek üçin ýurdumyzyň halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän parasatly syýasatyň halkara bileleşik bilen netijeli gepleşikleri hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, umumy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň hatyrasyna dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendiginiň aýdyň beýany boldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Yslam MUHAMMETMYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radio tehnologiýalary fakultetiniň Senagat elektronikasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.