Türkmen alabaýy — biziň milli buýsanjymyz
26-10-26
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli ynsanperwer syýasaty netijesinde gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan şöhratly taryhymyzy, ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmekde we şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň nobatdaky dabaralanmasydyr.
Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbe güni uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň geçirilmegi, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda aýratyn hyzmatlary bitiren ildeşlerimize döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan döwlet derejesindäki işleri dabaralandyrýar.
Alym Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda nesihat edişi ýaly: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz».
Milli Liderimiziň türkmen alabaýlarynyň taryhy, olary idetmegiň baý milli ýörelgeleri we täsirli maglumatlary özünde jemleýän «Türkmen alabaýy» atly eseri giň okyjylar köpçüligine we alymlara adamzadyň gymmatly durmuş tejribesiniň pähim-paýhas käniniň önümi bolan milli baýlyklarymyza has çuňňur aralaşmaga, şonuň bilen birlikde hem türkmen alabaýy hakyndaky düýpli ylmy maglumatlara aralaşmaga mümkinçilik berdi. Şonuň bilen birlikde hem ýurdumyzda milli itşynaslyk düzümini ösdürmekde türkmen alabaýlarynyň owadan sypatyny we haýbatly keşbini, wepalylyk häsiýetlerini, şöhratly genofonduny gorap saklamakda görnükli işleri bitirmäge badalga boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bolsa ýurdumyzda itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän, tohum itleriniň genofonduny gorap saklamagyň hukuk binýadyny döretdi.
Häzirki döwürde gaýduwsyz alabaý Watanymyzyň düýpli özgertmeler we ösüşler ýolunda gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň hakyky nyşanyna öwrüldi. Wepaly atly alabaýyň keşbiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili bolmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Türkmen alabaýy adamzadyň iň gadymy dosty, ýakyn syrdaşydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda juda jaýdar belleýşi ýaly, «It bilen adam mundan 12–15 müň ýyl ozal dostlaşan diýlip hasap edilýär». Häzirki wagta çenli ýüze çykarylan ylmy maglumatlar türkmen alabaýynyň dünýäde iň gadymy we sap ganly tohum itleriň biridigini doly ykrar edýär.
Şu jähetden, türkmen alabaýy diňe bir ynsanyň özüni, maşgalasyny ýa-da goş-golamyny däl, eýsem, daşky güýçlerden hem goraýan wepaly, gujurly, gaýduwsyz sakçy bolupdyr. Şol sebäpli-de parasatly pederlerimiz türkmen alabaýyny ynsanyň we onuň mukaddes ojagynyň asudalygynyň, bagtyýarlygynyň goragçysy saýýar. Ol ynsana bagtly durmuşy bagyş edýär diýip düşünýär. «It geldi, gut (bagt) geldi» nakylynyň manysy hem ynsanyň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşamagyna alabaýyň edýän täsiri bilen bagly döräpdir. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýy täze ykbala, şöhrat-şanly abraý-mertebä eýe boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda beýan edilen Ýasydepe ýadygärliginden tapylan heýkel öňki ýüze çykarylan arheologiýa gymmatlyklarynyň üstüni ýetirýär. Bu heýkeljigi özüniň tehnologiýa taýdan kämilligi, alabaýyň keşbini has aýdyň we owadan şekillendirendigi, mahlasy, çeperçiligi we mazmun taýdan has baýdygy bilen ýurdumyzda häzirki wagta çenli ýüze çykarylan türkmen alabaýynyň heýkelleriniň arasynda iň gowusy hasaplamak bolar. Türkmen alymlary häzirki wagtda alabaýyň taryhy mirasyny hem-de gadymy oguz kowumlarynyň dünýänyň itşynaslyk medeniýetiniň ösmegine goşan uly goşantlaryny öwrenmek boýunça ylmy gözlegleri işjeň dowam edýärler.
Türkmen alabaý itlerini gorap saklamakda, köpeltmekde, olaryň tohum arassalygyny üpjün etmekde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan nusgalyk işlerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Seýdylla BÄŞIMOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinariýa lukmancylygy fakultetiniň Zootehnika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.