Awaza duşuşyklary – dostlukly döwletleriň oňyn hyzmatdaşlygy
27-10-26
Berkarar döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatynyň möhüm wakalarynyň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç günläp dowam eden hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna hil taýdan täze itergi beren halkara ähmiýetli çäreler boldy. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmagyň dowamynda Merkezi Aziýa we Azerbaýjan halklarynyň abadançylygyny hem-de gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan giň gerimli hyzmatdaşlyk strategiýasyny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär hem-de sebit we ählumumy derejede ynamly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny barha artdyrýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç günläp dowam eden hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna hil taýdan täze itergi beren halkara ähmiýetli çäreler hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Häzirki döwürde halkara syýasat döwletara gatnaşyklarda çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli çemeleşmeleri talap edýär. Awaza duşuşyklary dostlukly döwletleriň döwrüň möhüm meselelerini hut şeýle ýörelgeler esasynda çözmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Awazada syýasy çözgütleriň aň-paýhas, tehnologik we medeni-ynsanperwer binýadyny goýan çäreleriniň tutuş toplumy ýaýbaňlandyryldy. Ekologiýa abadançylygy, habarlar giňişligi, gender deňligi, saglygy goraýyş, azyk bolçulygy, demografiýa ýaly möhüm ugurlara bagyşlanan giň gerimli çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi türkmen diplomatiýasynyň häzirki zaman gün tertibiniň iň çylşyrymly meseleleriniň tutuş toplumyny çözmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge ukyplydygyny şöhlelendirdi.
Diplomatik çäreleriň öňüsyrasynda zenanlaryň halkara syýasy-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklardaky ornuna bagyşlanyp, «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogynyň geçirilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Duşuşykda dünýäniň ählumumylaşýan eýýamynda zenanlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň, olaryň syýasy-jemgyýetçilik işjeňliginiň abadançylygyň güwäsi bolup çykyş edýändigine aýratyn üns çekildi. Forumyň netijeleri boýunça kabul edilen jemleýji resminama bolsa zenanlaryň hukuklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, olaryň Ýewraziýa giňişliginde syýasy, ykdysady we ýokary tehnologik işlere işjeň çekilmegine degişli hukuk binýadyny goýdy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA ýurtlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň uzak möhletli netijeli hyzmatdaşlygy maksat edinýändiklerini görkezen «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we bu sebit dialogyna ilkinji gezek resmi taýdan gatnaşan Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýokary derejeli çäreleriň dowamy boldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meseleleri duşuşygyň üns merkezinde boldy. Sebitiň uly mümkinçiliklerini açmaga ugrukdyrylan birnäçe strategik başlangyçlar beýan edildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda çözgüde gol çekildi.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dünýä äşgär edýän hem-de halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Bahar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Diller kafedryasynyñ mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.