Türkmenistanyň giň gerimli hyzmatdaşlyk strategiýasy barha giňeýär
30-10-26
Berkarar döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatynyň möhüm wakalarynyň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç günläp dowam eden hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna hil taýdan täze itergi beren halkara ähmiýetli çäreler boldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň giň gerimli hyzmatdaşlyk strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de sebit we halkara derejede ynamly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny barha artdyrýar.
Awazada guralan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwalynda türkmen halkynyň bu asylly ýörelgesi aýratyn öwüşgin bilen ýüze çykdy. Türkmenistanyň sergi meýdançasynda milli tagamlaryň taýýarlanylyşy görkezildi, gök-bakja we miwe önümleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyň esasynda ýaýbaňlandyrylan tanyşdyrylyş milli aşhananyň baýlygyny, gadymy tagam taýýarlamak däpleriniň häzirki döwürde hem dowam etdirilýändigini görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl GDA-da Türkmenistan başlyklyk edýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipäni örän jogapkärçilikli ýerine ýetirýär. Häzirki döwürde GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Ýewraziýa giňişliginde ykdysady durnuklylygy üpjün etmegiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň Arkalaşygyň alyp barýan işinde ýylyň möhüm wakasydygyny belledi. Şol sanda Türkmenistanyň 2029-njy ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna üns çekilip, ýurdumyz tarapyndan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly teklipler öňe sürüldi. Şeýle hem mejlise gatnaşyjy döwlet Baştutanlary çykyş edip, GDA-nyň syýasy dialogy saklamak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm platforma hökmünde ornuny berkidendigini bellediler.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi esasy wakalaryň biri boldy. Ýokary derejede geçirilen mejlis GDA ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini subut etdi. Çykyşlaryň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, köptaraply hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde duran döwür üçin özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýän resminamalar kabul edildi. Mejlis öz işini tamamlansoň, bu gurama agza ýurtlaryň Baştutanlary hem-de mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti mejlisiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.
Şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde özara hasaplaşyklarda milli pul birlikleriniň paýynyň taryhda iň ýokary derejä ýetendigi hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistanyň durnukly we daşarky şertlere bagly bolmadyk ykdysady binýady döretmek bilen bagly başlangyçlarynyň Arkalaşykda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aňladýar. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta multimodal geçelgeler boýunça ýükleriň daşalyşyny has-da artdyrmakda gazanylýan üstünlikler hem Türkmenistanyň 2029-njy ýyly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň derwaýyslygyny äşgär edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şemşat ATAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyñ radiotehnologiýalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.