Ykdysady we medeni diplomatiýany ilerleden Awaza sammidi

30-10-26

Türkmen topragynda gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleriniň häzirki zaman halkara çäreler bilen utgaşmagy hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki türkmen halky üçin myhman kabul etmek diňe bir däp däl, eýsem, ynsanperwerligiň, açyklygyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň beýanydyr. Türkmenistan sebit, halkara, dünýä derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, şeýle-de şu ýylyň 7–9-njy oktýabrynda Awazada geçirilen halkara çäreler muny tassyklaýar.

Bilşimiz ýaly, Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlyga ygrarlydyr. Ol GDA agza döwletler bilen gatnaşyklarynda dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga daýanmak bilen, köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we onuň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Ykdysady diplomatiýany ilerletmek, sebitleriň ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek hem-de ekologiýa başlangyçlaryny giňeltmek Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe esasy ugurlardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2029-njy ýyl — «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýlip yglan edildi.

Umuman, Türkmenistan ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri üçin elýeterliligini üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde agza ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýär. GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçirilen bu mejlisde hormatly Prezidentimiz BMG-niň Tertipnamasyny we halkara hukugy goramakda tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Munuň özi bilelikdäki işleriň hukuk binýadynyň berkidilmeginde möhümdir.

Sammitiň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Netijede, bu iri forum GDA ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini subut etdi. Galyberse-de, GDA ykdysady ösüşiň durnuklylygyny, halklarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekde ýurtlarymyzy umumy bähbitler arkaly birleşdirýän möhüm meýdançadyr. Bu iri halkara forum agza döwletleriň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz kabul edilen çözgütlere laýyklykda, GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Tahir Iksanowa, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işi üçin Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň Demir ýol ulagy boýunça geňeşiniň müdiriýetiniň başlygy Wiktor Popowa GDA-nyň Hormat hatyny gowşurdy.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işini tamamlansoň, bu gurama agza ýurtlaryň Baştutanlary hem-de mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti mejlisiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan gurama agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň sergisine gatnaşdylar.

Döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir syýasy gepleşikler ýa-da ykdysady ylalaşyklar bilen çäklenmeýär. Medeniýet, sungat, edebiýat, milli däpler we ynsanperwer gatnaşyklar hem halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Hut şu ýerde medeni diplomatiýanyň ähmiýeti aýdyň ýüze çykýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açyp görkezýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň eksport önümleriniň, ykdysady üstünlikleriniň sergisi halklaryň ykdysady kuwwatyny hem-de ösüşe bolan ymtylyşyny şöhlelendirdi. Ýurtlaryň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ykdysady mümkinçilikleri hem-de medeni aýratynlyklary, durmuşa geçirýän başlangyçlary we taslamalary öz içine alýan möhüm ähmiýete eýe bolan gözden geçiriliş özara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge uly ýardam etdi.

Halkymyzyň abadan durmuşyny ygtybarlandyrmak, döwletimiziň ösüşlerini has-da işjeňleşdirmek ugrunda, şeýle hem ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylmagynyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Nurmuhammet MUHAMMETNUROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyñ radiotehnologiýalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.