Türkmenistan Aziýa dowletleri bilen köpasyrlyk dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy barha pugtalandyrýar

30-10-26

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmagyň guralyny işläp taýýarlamagyň esasyny düzýär. Ol çuňňur taryhy kökler, milli durmuş aýratynlyklary hem-de häzirki zaman dünýägaraýyş ölçegleriniň düýpli ýörelgeleri esasynda kemala gelendir. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasatynda Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär. Bu ugurda Garaşsyz döwletimiz dürli döwletleriň gatnaşmagynda iri halkara taslamalary hödürleýär we amala aşyrýar.

Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary wekilçilikli hem-de abraýly döwletara forumdyr. Bu Geňeş syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly esasy bäş ugry öz içine alyp, köptaraplaýyn we köpugurly dialog üçin amatly meýdança bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy. Türkmenistan Watanymyz Aziýa dowletleri bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, milli bähbitleri nazara almak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygy, köpasyrlyk dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy barha pugtalandyrýar. Yzygiderli esasda alnyp barylýan ýokary derejedäki gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berýär. Gündogar — Günbatar ugry boýunça halkara üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini döretmekde möhüm halka bolup çykyş edýän iki döwletiň geostrategik mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär.

Döwletimiziň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlyga ulgamlaýyn häsiýet bermäge gönükdirilen, häzirki zaman ýagdaýlaryndan gelip çykýan geljegi uly teklipleri we başlangyçlary yzygiderli öňe sürmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şunda ählumumy ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi.

Türkmenistan geografik aýratynlyklaryndan, ägirt uly ulag-logistika mümkinçiliklerinden ugur alyp, degişli multimodal infrastrukturalary döretmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we yklym ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri geçirýär. Ýurdumyz Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça utgaşdyrylan ulag geçelgelerini ösdürmek, Hazar we Gara deňiz sebitlerini birleşdirmek, täze taryhy şertlerde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek babatda teklipleri öňe sürüp, özara bähbitli halkara söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermäge, tutuş Ýewraziýa giňişliginde goşulyşma prosesine itergi bermäge çalyşýar. Nobatdaky sessiýada ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň howandarlygynda Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Mundan başga-da, BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamak teklip edildi.

Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ählumumy abadançylygy üpjün etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilen oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty aýdyň beýanyny tapýar. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Myratnyýaz NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Umumy tehniki dersler kafedrasynyň mugallymy. 

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.