TÜRKMENISTAN SEBITIŇ EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNYŇ GORAGYNDA

30-10-26

Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýän Türkmenistan degişli ugurda umumy tagallalara önjeýli goşant goşup, dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň dürli düzümlerinde, komissiýalarynda we maksatnamalarynda alyp barýan işleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şol edaralar bilen bilelikde häzir birnäçe taslamalar we maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Hazar ekologiýa sammitiniň hut «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi parahatçylyk döredijiligiň we ynanyşykly dialogyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyny tassyklaýar. Bilşimiz ýaly, Hazar deňziniň ekologik gurşawyny goramak bilen parahatçylykly ösüşiň bähbidine ykdysady we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Ýurdumyzyň suw — ekologiýa diplomatiýasynda Hazaryň deňiz gurşawyny gorap saklamaga gönükdirilen netijeli gatnaşyklar has işjeňleşýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň  öňe sürýän Hazar ekologik başlangyjy möhüm ädim boldy.  

Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny goramak kenarýaka döwletleriň ählisiniň umumy wezipesidir. Bu forum Hazar deňzinde ylalaşylan we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýany işläp taýýarlamakda, deňziň suwunyň derejesiniň peselmeginiň sebäplerini ýüze çykarmak we onuň ýaramaz netijeleriniň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek babatda bäştaraplaýyn tagallalary birleşdirmekde möhüm ädim bolar. Sammitiň jemleri boýunça kabul edilen çözgütler köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berip, Hazar deňzini geljekki nesiller üçin gorap saklamaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiziň Hazar ekologiýa sammitini hyzmatdaşlygyň hemişelik hereket edýän platformasyna öwürmek babatda öňe süren teklibi Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi boýunça ulgamlaýyn netijeli işiň badalga nokady bolar, ekologiýa gün tertibiniň beýleki ugurlary boýunça dogry ýoly salgy berer. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, biz bu täsin deňzi parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi hökmünde gorap saklamalydyrys.

Gadymy Hazaryň özboluşly ekoulgamyny  gorap  saklamakda  we onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmekde umumadamzat ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, sahawatly işleri hemişe rowaç bolsun!

Hazarýaka döwletleri tarapyndan 2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa gol çekildi. Bu Konwensiýa 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda tassyklanan badyna güýje girdi. Şonuň esasynda, her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde, şol sanda Türkmenistanda hem Hazar deňziniň güni giňden bellenilip geçilýär.

Bilşimiz ýaly, Hazar sammitleriniň geçirilmegine hut Türkmenistanda 2002-nji ýylyň aprelinde paýtagtymyz Aşgabatda  badalga berildi. Bu taryhy waka Hazar gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça uzakmöhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň berk binýadyny goýdy. Şeýle hem, 2007-nji, 2010-njy, 2014-nji we 2018-nji ýyllarda Tähranda, Bakuda, Astrahanda, we Aktauda geçirilen sammitlerde kabul edilen çözgütler hem bu ugurda möhüm işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etdi.

2022-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda bolsa Hazarýaka döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we netijeli ösdürmek babatda täze başlangyçlar beýan edildi. Bularyň ählisi Hazar deňziniň meselelerinde Türkmenistanyň hemişe işjeň orny eýeleýändigini we gelejekde hem eýelejekdiginiň subutnamasy boldy.

Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy Konwensiýalaryny tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlylyk görkezýär. Olardan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak maksady baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky Konwensiýa, Biologiýa taýdan köpdürlilik baradaky Konwensiýa, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýa, Suw — batgalyk yerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy  ýaly halkara resminamalaryň esasynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlygyň netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini hem bellemek zerurdyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gözel tebigatymyzy gözüň göreji deýin goralyň» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, tebigatymyzy goramak biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Ýurdumyzda ýöredilýän ekologiýa syýasaty, tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Ekologiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Abdyrahman HYDYRMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.