Sanly tehnologiýalar bilen döwrebap ösüş

30-10-26

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary hem gurulýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» esasynda onlaýn söwda, maliýe, internet hyzmatlary, sanly bilim, lukmanlar bilen onlaýn bejergi ýa-da maslahat almak mümkinçiligi döredilýär. Ýurdumyzyň köpugurly ykdysadyýetinde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň esasynda ösüşiň ösüş ýoluna düşen çykan ulgamlar baradaky milli Liderimiziň şu ajaýyp sözleri hem ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň derwaýyslygyny doly derejede görkezýär: «Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça döwlet Maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýäris”.

Berkarar döwletimiziň bilim edralary kompýuter tehnologiýalary, barlaghana enjamlary, multimediýa we lingafon gurnamalary bilen üpjün edilen hem-de Internet ulgamyna birikdirilen. Olaryň okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň medeni mirasy, umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme, grafika boýunça dersler girizildi.

Häzirki döwürde ylmy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler has-da giňeldi. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, simpoziumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklary hem muňa şaýatlyk edýär. Ýaş türkmen alymlarynyň ylmy taýýarlygy dowam etdirmäge, hünärini ýokarlandyrmaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga gyzyklanmasynyň artmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň ylmy-enjamlaýyn kuwwatyny berkitmek, milletiň täze intellektual gatlagyny kemala getirmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Görnüşi ýaly, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini dowam etdirmek üçin ýurdumyzda zerur binýat işjeň ösdürilýär. Elbetde, munuň özi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň arasynda ylma bolan höwesiň hem-de ylmy barlaglar bilen meşgullanmak isleýänleriň sanynyň artýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Her bir ýurduň ykdysady ösüşinde ylma esasy orun degişlidir. Ylym innowasiýanyň ýüze çykmagyny şertlendirýär. Innowasiýalar tehnologiki ösüşiň çeşmesi hökmünde çykyş etmek bilen, öz gezeginde, ylmy-tehniki açyşyň döredilmegi, ýaýradylmagy, durmuşa ornaşdyrylmagy ýaly ylmy täzeçillik tapgyrlaryň soňky netijesi hasaplanylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, täze hyzmatlar girizilýär. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäniň esasy ykdysady ugurlarynyň merkezinde ýerleşýär. Taryhyň dürli döwürlerinde dünýä döwletleriniň ösüşiniň esasy hereketlendirijisi bolan Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň ýurdumyzyň üstünden geçmeginiň esasynda halkymyzda hoşniýetli, dostlukly, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ykdysady gatnaşyklary alyp barmagyň tejribesi toplanypdyr. Bu babatda ýurdumyzyň ykdysadyýetine wajyp orun eýeleýän ulag-kommunikasiýa toplumyna uly orun degişlidir. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýalary pudagyny ösdürmek, pudakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak Watanymyzyň döwlet syýasatynyň esasy strategiki ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri bolsa milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda edara-kärhanalara halkara ölçeglerine laýyk gelýän enjamlaryň ornaşdyrylmagy, olaryň internet ulgamyna birikdirilmegi, hyzmatlaryň elektron ulgama geçirilmegi halka hyzmat etmek işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk ýola goýmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň ýol açdy. Şonuň netijesinde hem häzirki wagtda ýurdumyz dünýä ösüşine has işjeň goşulyşýar. Adamzat taryhynyň häzirki globallaşma döwri adamlaryň arasyndaky araçäkleriň uzaklygyna garamazdan, özara baglanyşygy üpjün etmegiň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu gatnaşyklar jemgyýetde maglumatlaryň alyş-çalşygyna ýardam edýän tehnologiýalaryň ösüşiniň möçberi we depgini boýunça üpjün edilýär.

Güneşli Diýarymyzyň ylym-bilim ojaklarynda kämil bilim alýan, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan, täzeçe, döredijilikli pikirlenmegi başarýan hünärmenler ýetişdirilýär. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Gurbanmyrat REJEPOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakultetiniň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.