HUKUK BINÝADYNYŇ BERKLIGI – BAGTYÝAR DURMUŞYŇ KEPILI
04-11-26
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly ädimler bilen barýan eziz Watanymyzda adam manysynyň baş baýlyk hökmünde ykrar edilmegi döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli demokratik özgertmeler jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda kanunçylyk ulgamynda düýpli üstünlikleriň gazanylmagyna itergi berýär. Bu günki günde her bir raýatyň hukuk habarlylygyny ýokarlandyrmak, kanunlaryň mazmunyny ilata dogry we öz wagtynda ýetirmek jemgyýetçilik durmuşynyň esasy talaplarynyň biri bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, raýatlaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Baş Kanuny bolan Konstitusiýamyz we Türkmenistanyň täze kabul edilen “Raýat kodeksi” başda bolmak bilen, ähli kadalaşdyryjy-hukuk namalary raýatlaryň abadançylygyna, bagtyýar durmuşyna we döwletimiziň berkararlygyna gönükdirilendir.
Hukuk habarlylygy diňe bir kanunlary bilmek däl, eýsem olaryň talaplaryny dogry düşündirmek we gündelik durmuşda ýalňyşsyz berjaý etmek diýmekdir. Her bir raýat özüniň borçlary bilen birlikde hukuklaryny hem çuň bilmelidir. Bu bolsa jemgyýetde kanunçylyk we tertip-düzgün binýadynyň has-da berkemegine, adam faktorynyň ýokary derejede sarpalanmagyna alyp barýar. Notariat ulgamy raýatlar bilen döwlet edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklarda ygtybarly köpri bolup hyzmat edýär. Şertnamalary, wesýetnamalary, ynanç hatlary we beýleki resminamalary resmileşdirmek arkaly biz raýatlaryň emläk we şahsy emläk däl hukuklaryny kepillendirýäris.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir pudak ýaly hukuk ulgamy hem döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilýär. Ulgamda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler netijesinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda döwrebap notariat edaralary hereket edýär. Sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde raýatlara edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli, amatly we tiz bolmagy üpjün edilýär. Şu ýylyň şygarynda bellenilişi ýaly, bedew batly ösüşler bilen öňe barýan ýurdumyzda döwlet notariuslary hem öz işine jogapkärçilikli çemeleşýärler.
Hukuk taýdan kämil jemgyýetde ýaşamagyň buýsanjy bize Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary arkaly miýesser etdi. Raýatlaryň döwlet tarapyndan goralmagy, emläk we maşgala gatnaşyklarynyň kanun esasynda düzgünleşdirilmegi her bir adamyň ertirki güne bolan ynamyny pugtalandyrýar. Raýat kodeksinde we beýleki kadalaşdyryjy namalarda göz öňünde tutulan kadalaryň dogry düşündirilmegi nika-maşgala gatnaşyklarynyň berkimegine, emläk dawalarynyň öňüniň alynmagyna we raýat hukugynyň goraglylygyna gulluk edýär. Biz – hukukçylar öz hünär borçlarymyzy berjaý etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda alnyp barylýan adalatly, parahatçylyk söýüji we kanunçylygy üpjün edýän syýasata öz goşandymyzy goşýarys. Her bir ýüz tutýan raýata açyk, ýokary hilli we kanuny hyzmat etmek arkaly halkymyzyň döwletimize bolan buýsanjyny artdyrmaga çalyşýarys.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanýan her bir üstünligi bizi ruhlandyrýar we täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Raýatlaryň hukuk habarlylygyny ýokarlandyrmak diňe bir hünär borçnamamyz däl, eýsem mukaddes Watanymyzyň ösüşine, kanunçylygyň we adalatyň berkarar bolmagyna goşýan uly goşandymyzdyr. Goý, halkymyza abadan, bagtyýar durmuşy peşgeş berýän, her bir raýatyň hukugyny we bähbitlerini goramagy baş maksat edinip ýaşaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!
Babajan MYRATGELDIÝEW,
Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.