KÖP DIL BILMEK KÄMILLIGIŇ BEÝANY

09-11-26

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler biziň her birimizi buýsandyrýar. Şonuň üçin hem bilim bermegiň döwrebap ugurlary, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek kämilligiň aýdyň beýanydyr. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar. Bu babatda, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryň we hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bilim-ylym ulgamyny okgunly ösüşlere gönükdirýän möhüm resminama, ýagny “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Konsepsiýada Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň häzirki ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksady we wezipesi, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary, daşary ýurt dillerini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk, resminamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary, onuň durmuşa geçirilişini maliýeleşdirmek we ondan garaşylýan netijeler beýan edilendir.

Bu resminama ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň ene dilimizi kämil bilmegi, munuň daşyndan hem daşary ýurt dillerini özleşdirmegi, dünýägaraýşy giňeltmek we täze mümkinçilikleri gazanmak üçin esasy şertleriň biridir. Şeýle hem ol mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dili mugallymlarynyň öňünde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny seljermegi, umumylaşdyrmagy we kämilleşdirmegi, okatmagyň üznüksiz ulgamynyň nazary we usulyýet esaslaryny işläp taýýarlamagy, bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny öz içine alýan daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz ulgamyny döretmegi, Türkmenistanda daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamak, daşary ýurt dillerini okatmak we bu ugurda bilim bermek işini döwrebaplaşdyrmak wezipesini goýýar.

Mälim bolşy ýaly, köp dil bilmek elýetmez baýlyga - ruhy baýlyga eýe bolmakdyr. Dilleri öwrenmek arkaly hünärli ýaşlar ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar. Has takygy, dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen ylymlaryň hem çeşmesi hasaplanýar. Daşary ýurt dillerini bilýän kämil hünärmenler dünýäniň ylmy edebiýatlaryny özleşdirmegi başarýarlar. Şonuň üçin hem dil egsilmez baýlyk, ylymlaryň çeşmesi hasaplanýar. Ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde döwrebap usullaryň, kitaplaryň, sözlükleriň ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda mugallymlar okuwçylaryň okamak ukyplaryny hem ösdürýärler. Okamak daşary ýurt dili öwrenilýän döwürde ýaşlaryň kabul etmeli esasy başarnyklarynyň biridir. Bulardan başga-da, bu diňe bir bilim bermek maksady däl-de, eýsem, daşary ýurt dilini öwrenmegiň serişdesi bolup durýar.

Täze taryhy döwrümizde ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, şonuň netijesinde hem dünýä derejesinde bilim almaklary möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dünýä halklarynyň dillerini öwrenmekde uly netijeler gazanylýar. Bu işler Diýarymyzy täze ösüşlere ýetirýär, mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Gülnar ŞADURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň rus dili mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.