Ýaşlarymyza daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmek baş maksadymyz
09-11-26
Dünýäde BMG-niň 6 resmi diliniň biri bolan rus dilinde 250 milliondan gowrak adam gürleýär. Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaşaýan halklaryň ene dilleri bilen birlikde ikinji ulanýan dili bolan rus dilini öwrenmek juda möhüm. Çünki halkara gatnaşyklarda we işewürlikde, žurnalistikada, syýahatçylykda, ylym-bilimde, tehnologiýada, energetikada, lukmançylykda rus dilini bilmekligiň artykmaçlyklary juda kändir.
Nusgawy rus edebiýatynyň dünýä medeniýetinde näderejede möhüm ornunyň bardygy hemmämize mälimdir. Lew Tolstoý, Maksim Gorkiý, Aleksandr Puşkin, Fýodr Dostoýewskiý, Mihail Lermontow... ýaly ençeme edebiýat ägirtleriniň eserlerini öz asyl dilinde okap görmek nusgawy edebiýaty we dünýä medeniýetini içgin öwrenmäge uly mümkinçilik berýär. Elbetde, eserleriň terjimelerini hem okap bolar, emma olary öz ýazylan dilinde okamak şol eseriň awtorynyň öz dünýäsine gönümel aralaşmak diýmekdir. Ine, şonuň üçin hem rus dilini hökman öwrenmeli.
1998-nji ýyldan bäri kosmos giňişliginde hereket edip gelýän Halkara kosmos stansiýasynyň iki resmi diliniň biri rus, beýlekisi bolsa iňlis dilidir. Bu stansiýada häzirki wagta çenli dünýäniň 26 ýurdundan 290 kosmonawt iş geçirip, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşdular. Eger-de siz hem geljekde tehnologiýa, kosmos ylmyna goşant goşmak isleseňiz, fizika, himiýa, matematika, biologiýa ýaly ylymlaryň ýany bilen hökman rus dilini hem öwrenmekligi unutmaň. Çünki rus dilinde ylmyň islendik ugruna degişli çeşmeleri tapyp bolýar. Meşhur rus alymlarynyň ýazan ylmy işleri häzirki döwürde gymmatly hazynadyr.
Işe girmek üçin tabşyrýan terjimehalyňyzda rus dilinde gürläp bilýändigiňiz barada maglumat bar bolsa, işe kabul edilmek ähtimallygyňyzy ep-esli derejede artdyrýar. Öz hünäriňiziň ýany bilen rus we iňlis dillerinde suwara gürläp bilýän bolsaňyz, işde siziňki hemişe şowuna bolar. Halkara derejeli kompaniýalara işe kabul edilýän hünärmenleriň 90 göterimi rus dilini gowy bilýändirler. Isleseňiz muny synap hem görüp bilersiňiz. Paýtagtymyzda geçirilýän halkara sergilere gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň ençemesi bilen gürleşip görseňiz, olar rus dilini gowy bilýändirler. Munuň özi bolsa rus dilini öwrenmek üçin aýratyn sebäpdir.
Öz ene diliňden başga islendik bir daşary ýurt dilini bilmekligiň hem-ä berýän peýdasy, hemem lezzeti başgaçadyr. Aýratynam, iňlis, rus, fransuz, ispan, nemes, hytaý ýaly ýörgünli dilleri bilmegiň özi dünýäniň islendik ýurduna syýahata ýa-da iş sapary bilen gideniňizde kynçylyksyz düşünişmäge ýa-da daşary ýurtly myhmanlar ýurdumyza geleninde, olara owadan ýerleri görkezip, şol ýerler barada gürrüňleşmäge ýardam berýär. Diňe bir Russiýa däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryna, şeýle hem Belarus Respublikasyna, Gruziýa, Ermenistana baranyňyzda hem rus dilini erkin ulanyp bilersiňiz.
Dil öwrenmek, aslynda, diňlemek bilen baglanyşyklydyr. Bir adam gündelik haýsy dili köp eşitse, şol dilde has gowy gürläp bilýändir. Rus dilini öwrenmek üçin ilkibada multfilmlere, soňra bolsa çeper filmlere, habarlara köpräk tomaşa etsek, aýdymlary diňlesek, bu dili öwrenmegimiz has-da ýeňilleşer. Şeýle hem bu dili orta mekdeplerde, dil merkezlerinde gowy öwrenmek size geljekde täze mümkinçilikleri döreder. Häzirki wagtda internet ulgamynyň üsti bilen islendik bir dili öwrenmek has ýeňilleşdi. Onuň üçin diňe höwes we yhlas gerek.
Bu günki gün ýurdumyzda ýaşlarymyzyň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmekleri üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Hut Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hem bize görelde bolup, rus, nemes we iňlis dillerini halkara derejeli forumlarda we söhbetdeşliklerde giňden peýdalanýarlar. Biz hem şeýle beýik göreldä eýerip, ýaşlykdan dil öwrenmeklige aýratyn üns bermelidiris. Çünki «Bir dil bilen — bir adam, iki dil bilen — iki adam».
Nataliýa MOLOTOWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň rus dili mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.