DEMIRGAZYK SEBITIŇ ÖSÜŞINE TÄZE ITERGI
18-11-26
Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş sapary — täze ösüşleriň we beýik başlangyçlaryň aýdyň beýany
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga we Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir. Esasan-da, sebitleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olaryň ykdysady mümkinçiliklerini doly herekete getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş sapary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabat gelen bu sapar ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşinde täze sahypany açan möhüm wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze iri infrastruktura desgalarynyň gurluşygyna badalga berilmegi Daşoguz welaýatynyň geljekki ösüşine uly itergi bermek bilen birlikde, tutuş ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm ädimdir.
Häzirki döwürde ulag-kommunikasiýa ulgamy ykdysadyýetiň ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biridir. Şonuň üçin hem Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Uzynlygy 546 kilometre deň bolan bu döwrebap awtomobil ýoly paýtagtymyz Aşgabat şäherini ýurdumyzyň demirgazyk welaýaty bilen has ýakyndan baglanyşdyrar. Taslamanyň çäklerinde ýol hereketini dolandyrmagyň sanly ulgamynyň ornaşdyrylmagy, hereket edýän dokuz sany köpriniň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de uzynlygy 812 metre deň bolan täze ýol geçelgesiniň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Bu taslama diňe bir ulag gatnawynyň amatlylygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, haryt dolanyşygyny çaltlandyrmaga, ýolagçylaryň we ýükleriň hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge hem ýardam berer. Täze ýol ýurdumyzyň ulag ulgamynyň döwrebaplaşmagyna goşant goşup, demirgazyk sebitiň ykdysady ösüşiniň möhüm hereketlendirijisine öwrüler.
Daşoguz welaýatynyň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmekde senagat pudagynyň ösdürilmegi möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda amala aşyrylýan täze başlangyçlaryň hatarynda Garaşsyzlyk etrabynda guruljak mineral dökünleri öndürýän himiýa toplumy aýratyn ähmiýete eýedir. Türkiýäniň «GAP Inşaat» we Germaniýanyň «Thyssenkrupp Uhde GmbH» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda bina ediljek bu iri kärhana ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitrasyny öndürmäge niýetlenendir. Bu toplumyň işe girizilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny mineral dökünler bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem ýerli önümçiligiň artmagy, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegi we eksport mümkinçilikleriniň giňelmegi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar. Aýratyn bellemeli ýeri, täze kärhananyň işe girizilmegi bilen 1000-den gowrak täze iş ornunyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ilatyň, aýratyn-da, ýaş hünärmenleriň zähmet bilen üpjünçiligine, olaryň hünär başarnyklaryny ösdürmegine we durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Şeýle hem Garaşsyzlyk etrabynda ösümlik ýagyny öndürýän täze kärhananyň gurluşygyna badalga berilmegi sebitiň senagat taýdan ösüşinde möhüm ädimdir. Ýylda 60 müň tonna tehniki pagta çigidini gaýtadan işlemäge ukyply boljak bu zawod oba hojalyk önümlerini çuňňur gaýtadan işlemäge giň mümkinçilikleri açar. Mälim bolşy ýaly, pagta ýurdumyzyň esasy oba hojalyk ekinleriniň biridir. Ony diňe çig mal görnüşinde däl-de, eýsem, taýýar önüme öwrüp, ykdysady dolanyşyga girizmek uly ykdysady bähbitleri üpjün edýär. Täze kärhananyň döredilmegi hem ýerli çig maldan netijeli peýdalanmaga, önümçiligiň goşmaça gymmatyny ýokarlandyrmaga we sebitde senagat önümçiliginiň gerimini giňeltmäge hyzmat eder.
Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda sanly ulgam arkaly Balkan welaýaty bilen göni teleköpri arkaly habarlaşmagy we Türkmenbaşy - Garabogaz - Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik Garabogaz - serhetýaka böleginiň ulanmaga berilmegine ak pata bermegi hem möhüm wakalaryň biri boldy. «Demirgazyk - Günorta» halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýan bu ýol ýurdumyzyň halkara ulag-logistika ulgamyndaky ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Täze ýol böleginiň ulanmaga berilmegi ýükleriň halkara ugurlary boýunça hereketini ýeňilleşdirer, ulag gatnawlarynyň tizligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrar. Şeýle hem ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň giňeldilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirer. Bu taslamanyň ähmiýetine diňe bir ulag infrastrukturasynyň ösüşi hökmünde garamak bolmaz. Ol Türkmenistanyň sebit we halkara ykdysady gatnaşyklarynda ygtybarly hyzmatdaş, möhüm üstaşyr merkez hökmünde eýeleýän ornunyň barha berkidilýändiginiň hem aýdyň subutnamasydyr.
Iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Hökümet agzalarynyň, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda sebitleriň ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, senagat önümçiligini ösdürmek, ýerli çig maly çuňňur gaýtadan işlemek hem-de ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri öňe sürdi. Bu wezipeler ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin maksatlary bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki häzirki zaman dünýäsinde durnukly ösüş gazanmak üçin diňe bir önümçiligi artdyrmak däl, eýsem, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, innowasion çözgütleri ulanmak, ýerli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak hem zerurdyr.
Täze desgalaryň düýbüne ýadygärlik ýazgyly gutujyklaryň goýulmagy, ilkinji beton garyndylarynyň guýulmagy bolsa diňe bir gurluşyk işleriniň başlanandygyny aňlatmaýar. Bu pursatlar geljege bolan ynamyň, döredijilikli zähmetiň we Watanymyzyň ösüşine gönükdirilen belent maksatlaryň özboluşly nyşanydyr. Daşoguz welaýatynda badalga berlen bu iri taslamalar sebitiň ykdysady keşbini düýpli özgertmäge, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga we ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge giň ýol açar. Olaryň her biri özbaşdak ähmiýete eýe bolmak bilen birlikde, bitewi ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna hyzmat edýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň her bir sebitinde durmuşa geçirilýän şeýle beýik işler halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, agzybirliginiň we geljege bolan ynamynyň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öňe sürülýän ösüş maksatlary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Daşoguz welaýatynda badalga berlen iri taslamalar demirgazyk sebitiň ösüş taryhynda täze möhüm tapgyryň başlangyjyna öwrüldi. Bu başlangyçlar diňe şu günüň däl, eýsem, geljek nesilleriň hem abadançylygyna gönükdirilen beýik işleriň dowamatlylygynyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar Watanymyzyň ösüşi, halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda amala aşyrylýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Saýara BALTAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.
Beýik Ýüpek ýoly we Türkmenistan: Taryhyň hem-de häzirki zaman ösüşiniň ýüregi
Gadymy döwürlerden bäri adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan Beýik Ýüpek ýoly şöhratly taryhçylary we jahankeşdeleri hemişe gyzyklandyryp gelen rowaýata öwrülen taryhy mirasdyr. Dünýä ylmynda bu gadymy ýol barada ummasyz köp ylmy işler çap edilip, olar Gerodot ýaly gadymy döwrüň meşhur alymlarynyň gymmatly taryhy maglumatlaryndan gözbaş alýar.
AHALTEKE ATLARY ÖSÜŞLERIŇ NYŞANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Dünýä ýaň salan üstünlikler
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Belli bir halkyň döreden gymmatlygy wagtyň geçmegi bilen dünýäniň gymmatlygyna öwrülýär» diýip belleýär. Hakykatdan hem, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan behişdi ahalteke bedewlerimiz bu günki günde bütin adamzadyň medeni mirasynyň iň naýbaşy gymmatlyklarynyň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.