Garaşsyzlyk - türkmen halkynyň bagty
25-09-25
Garaşsyzlyk sözi «Bagt, Bagtyýarlyk, Berkararlyk» diýen düşünjeleri öz içine alýar. Eýsem, Garaşsyzlyk bagty nämedir? Bagtlylygyň uly borçdugyny bilýärmisiňiz?! Bagtyň nämedigine düşünmek oňa barýan ýoly öwrenmekdedir. Şu günüňe buýsanç geçmişiňi bilmekden başlanýar. Özüňi tanamak üçin aslyňa göz aýlamak gerek. Garaşsyzlyk biz üçin bihasap bar eçildi. Bu sansyz nygmatly, bagtly günleriň gadyryny bilmek biziň borjumyz. Atalaryň alyn derinden dörän durmuşa düşünmek perzentlik parzymyzdyr.
Biz bu gün ata-babalarymyzyň ynam-yhlasyndan binýat bolan türkmen binasyny «Berkarar döwlet», güýç-gaýraty bilen gazanan döwletli döwranyny «Bagtyýarlyk» diýip atlandyrýarys. Bu bagtyýarlyk atalaryň irginsiz yhlasy we aladasy, halal zähmeti we ýaşaýşa söýgüsi bilen dörändir. Bu berkarar döwlet bolsa Pyragynyň yşkynyň kemaly, arzuwlarynyň wysaly. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — yşkdan binýat bolan türkmen binasy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar. Garaşsyzlyk bu Türkmen halkynyň mukaddes baýramlarynyň biridir, ata-babalarymyz, pederlerimiziň taryhynda müňýyllyklaryň dowamynda Garaşsyz bolmak barada arzuw edip gelipdirler. Şol merdana pederlerimiziň, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşap gelen arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşgünde 1991-nji ýylda hasyl boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar eşretine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň ykbaly gülledi.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hem-de onuň peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen bu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilik desgalarynyň, medeniýet merkezleriniň, ylym-bilim, saglyk toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, obalaryň halkara derejesinde abadanlaşdyrylyp, döwrebap şäherleriň we obalaryň peýda bolmagy şeýle-de ençeme desgalar Garaşsyzlygyň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş ymaratydyr. Garaşsyzlyk özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watanydyr! Ine, däp bolşy ýaly mukaddes toýumyzyň öňüsyrasynda Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň Halk maslahaty uly üstünliklere beslenip geçirildi.
Garaşsyzlyk döwrüniň nesli indi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atalarynyň altyn ýoluny dowam edýärler. Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu babatda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip ynam bildirýär. Ynam mukaddesdir. Ynama ygrarly, borjuna wepaly watançy nesiller il-günümiziň guwanjydyr. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýmeginde hem ýene ýaş nesle — beýik geljege ynam bar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ylymly-bilimli ýaşlar bilen öňe barýar. Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, jan Watanym Türkmenistanym!
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Tyllagözel NURYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.