MUKADDES GARAŞSYZLYGA GUWANMAK BAGTDYR
15-09-24

Diýarymyza Baş baýramymyz – Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramy ýetip geldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny bellejek ýylymyzyň her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna beslenýär. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyla gadam goýanymyz bäri yurdumyzda bellenilen şanly seneleriň, tutulýan toý baýramlaryň sanasaň sogaby bar. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinligi wysal boldy.
Bu gün öz mähriban, asuda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýäris. Garaşsyzlyk bu – biziň baş baýramymyz. Biz oňa buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň gazananlaryny birugra sanap geçmek mümkin däl. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň göwün galkyndyryjy ýakymly howasy durmuşumyzy gurşap aldy. Bu günler bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýan her bir raýatyň ýüregi mähriban we Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowa bolan alkyşly sözlerden püre-pürdür.
Garaşsyzlyk ilimize egsilmez bagt bolup geldiň, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyň! Güýjümize güýç goşduň, başymyzy gök diretdiň, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup dolduň! Hawa, Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halky pederleriniň gursagynda garran arzuw-umytlaryna ýetdi. Gülleýän, gül açýan gözel diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylyga – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýalkymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyza erkinligiň sergin şemalyny peşgeş beren Garaşsyzlyk datly miwelerini eçilip, bizi nurly ertire sary alyp barýar.
Garaşsyzlyk, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Eziz Watanymyzyň – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli gujur gaýratymyzy gaýgyrman yhlas edeliň! Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» diýip belläpdi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň belleniljek günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş–medeni ähmiýetli binalaryň birnäçesi dabaraly açylýar we ulanylmaga berilýär.
Hawa bu günki gün Garaşsyzlyga eýe bolan halkymyz dünýäde özüniň beýik döwletiniň gadyryny bilip, hözirini görüp ýaşaýar. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda, ençeme işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýärsiň. Üstünlikleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tutýan tutumlarynyň mundan beýlägem pajarlap ösmegini, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň abadan bolmagyny arzuw edýärin. Türkmen halkyny eşretli zamana alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun! Şanly Garaşsyzlyk baýramy gutly-mübärek bolsun!
Aýgül AŞYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.