Hünärli ýaşlar — aýdyň geljek
09-01-26
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda sözlän taryhy çykyşynda: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip, jaýdar belledi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda zähmet çekjek zehinli, zähmetsöýer, dünýä ylmyndan baş çykarýan, kämil ýaşlary taýýarlamaga uly üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda zähmet çekjek ýaş hünärmenleri taýýarlaýan bilim ojagymyzda talabalaýyk işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu parasatly sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ýokary ösüşlere beslemekde ylymly-bilimli ýaşlara uly orun degişlidigini beýan edýär.
Gahryman Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen döwletimizde ýaşlaryň başarnyklaryny ýüze çykarmagyna, mümkinçiliklerini açyp görkezmegine ähli şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň dowamynda döwletimizde kemala gelen ýaşlaryň nurana geljegi üçin uly işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Şunda halallyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimiziň ýaşlaryň kalbynda müdimi orun almagynda bilim edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň mynasyp ornunyň bardygy aýdyldy. Arkadagly Serdarymyz bu guramanyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekmek bilen, onuň ýaş nesillere zähmet terbiýesini bermekde netijeli işleri alyp barmalydygyny belledi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden we tabşyryklaryndan ugur alyp, halk hojalyk ulgamynyň dürli pudaklary üçin öz işini talabalaýyk bilýän, häzirki zaman tehniki serişdelerden we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan başarnykly hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli amatly şertler hem-de mümkinçilikler döredilen.
Bu ugurlar boýunça nazary we önümçilik tejribeli ýaş we ýaşuly mugallymlar talyplara döwrebap bilim bermekde yhlasly zähmet çekýär. Ýokary hünär okuw mekdepleriň synp we lingafon otaglarynda dünýä ülňülerine gabat gelýän kompýuter multimedia enjamlary we interaktiw tagtalar bar. Bu enjam talyplaryň nazary alýan bilimlerini has-da kämilleşdirmekde örän uly ähmiýete eýedir.
Ýokary okuw mekdepleriň giň ýaýlymly kitaphanalary bilim alýan ýaşlaryň ýygy-ýygydan gelýän ýeri. Kitaphanada talyplaryň okaýan dersleri boýunça okuw kitaplary we gollanmalary, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän, halkymyza peşgeş beren kitaplary, eserleriniň elektron görnüşleri talyplara okuwda ylmy gollanma bolup hyzmat edýär. Şonuň ýaly-da, ýokary okuw mekdeplerinde okuw maksatlary üçin internet ulgamyndan peýdalanmak üçin ýörite şertler döredilen.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwrümiziň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilýändigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň taýýarlanylandygy bellenildi. Gurultaýyň barşynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kanunynyň geljekde jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlaryň başarnygyny, sagdyn we kämil ösüş derejesiniň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, olaryň bähbitlerini, hukuklaryny goramakda ägirt uly hukuk resminamasy boljakdygyny nygtady.
Ýaşlary aýratyn üns-alada bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna sagbolsun aýdýarys. Biz hem geljekde talyp ýaşlarymyzy saýlan hünäri boýunça kämil hünärmenler bolup mynasyp eýesi bolup ýetişmekleri üçin yhlasly zähmet çekeris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamaga, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jumagül ORAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.