BAGTLY ÇAGALYK
27-05-25
1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ähli arzuwlary hasyl bolýan eziz Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň göwnejaý dynç almagy, boş wagtlaryny gyzykly we sapaly geçirmegi, saglyklaryny berkitmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bagtyýar körpelerimiz her bir günlerini şadyýanlykda geçirýärler. Körpe nesilleriň arasynda guralýan dürli çäreler, duşuşyklar we bäsleşikler olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga ýardam edýär.
Dünýäniň ähli beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döreýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli senedir.
Gözel tebigatyň arassa howasy, täsin ýerlere guralýan gezelençler, geçirilýän çäreler çagalara diýseň ýaraýar. Döwrebap dynç alyş merkezlerinde hereket edýän gurnaklara gatnaşýan çagalar öz isleg bildirýän ugurlary boýunça has-da kämilleşýärler. Bu bolsa ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Nesil terbiýesine aýratyn üns berýän türkmen halkmyz, çagalaryň dynç alyşyny hem terbiýeçilik ähmiýetli çäreler bilen baglanyşdyryp utgaşykly alyp barmagy ýaş nesilleriň bilimli we ýokary ahlakly bolmagy köp derejede onuň dünýä inen, terbiýelenýän maşgalasy bilen birlikde bilim alýan mekdebine, çagalar baglaryna, mugallymlaryna, terbiýeçilerine baglydyr. Çagalaryň bilesigelijiligi, görüm-göreldeliligi, tutanýerliligi, zähmet endiklerini kemala getirmekde mugallym bilen ene-atanyň bilelikdäki tagallalary birleşende kämil nesil kemala gelýär.
Ýaş nesillere kiçi ýaşlardan başlap, Watan mukaddesligini, ene-ata, dosta wepalylygy, duz-tagama hormaty, halal ýaşamagy, zähmete söýgini, wagtdan tygşytly peýdalanyp, durmuş pursatlaryny özbaşdak seljermegi, ar-namysly, utanç-haýaly bolmagy öwretmek işleri alnyp barylýar. Şu wagtky dowam edýän tomusky dynç alyş günlerinde çagalaryň dynç alyş bilen utgaşykly geçirilýän çäreler millilik, peder ýörelgesi, däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz bilen baglanyşykly guralýar.
Mundan başgada çagalaryň tomusky dynç alyşyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýörite taýýarlanan meýilnamalar esasynda çagalary millilik, ruhubeletlik ýörelgelerine eýermek bilen birlikde olarda sport endiklerini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, saglyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen dürli görnüşli sport çäreleri, bäsleşikleri yzygiderli guralýar.
Ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri gurlup ulanmaga berýän, ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün etmäge şertleri döredip berýän ýörän ýoly biziň üçin ýörelge, beýik, nusgalyk işleri görelde, parasatly sözleri şygar bolan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutumly işleriniň rowaçlyklara rowan bolmagyny arzuw edýäris!
Bizi ýagty ertirlere alyp barýan, milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge şert-mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary belent, il-bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Güljahan HOJAMBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.