TÜRKMEN – EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE TAPGYRY
16-06-22
Mälim bolşy ýaly, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 14-15-nji iýuny günleri hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Iki dostlukly goňşy döwletleriň arasynda soňky wagtda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we netijeliligi, şeýle-de iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyna hem-de özara düşünişmegine ýardam berýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ysnyşykly häsiýeti döredilýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini nygtap, dürli ugurlarda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanýan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli giňeldilýär.
Munuň şeýledigini geçen ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygyndaky pikir alyşmalar aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şol saparky duşuşykda Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine, okgunly häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna, maýa goýumlaryň höweslendirilmegine ýardam bermegi ugur edinýändiklerini tassykladylar.
Bu gün bolsa Arkadagly Serdarymyzyň dostlukly goňşy döwlete amala aşyrýan saparyny häzirki wagtda döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda Türkmenistan we Eýran däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary iki tarapyň hem durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, milli bähbitlere kybap gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini görkezýär. Gol çekmäge taýýarlanylan hem-de ileri tutulýan ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy düzgünleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resmi-namalaryň toplumy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Tähranda geçiriljek iň ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Eýranyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirendiklerini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň Eýrana şu gezekki saparynyň çäklerinde gazanyljak ylalaşyklar iki goňşy döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine alnyp barylýan deňhukukly, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.
Täzegül PIRIÝEWA,
Görogly etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.