MAGTYMGULYNYŇ ŞYGYRLARYNDA WATANÇYLYGYŇ WASPY
03-02-26
Ýyllar bizi Magtymgulynyň ömür süren wagtyndan barha daşlaşdyrýar. Şöl bir wagtyň özünde-de, biz Magtymguly Pyraga barha ýakynlaşýarys. Ýyllar, aýlar aýlanyp, günler dolandygyça, Magtymguly Pyragy bize has beýik, mukaddes, eziz bolup görünýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga Gahryman Arkadagymyz örän ýokary baha berip, şeýle diýýär:
“Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belende goýulýan mukaddeslikleriň biridir”.
Beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň düre barabar şygyrýeti özünden öňki ýaşap geçen şahyrlaryň döredijilik gözlegleriniň jemi, ondan soňky şahyrlar üçin belent nusga bolup durýar. Öz ýaşan döwründe şahyryň beýik şygyrýetinde türkmen halkynyň asyrlar dowamynda ýüreginde besläp gelen mukaddes arzuw-islegleri, uly umytlary öz şöhlelenmesini tapypdyr. Şol asylly arzuw-islegleriň, beýik umytlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýandygy her bir türkmeniň guwanç hem buýsanç duýgularyny galkyndyrýar.
Magtymguly Watany ähli zatdan eziz görüpdir. Öz ykbalyny halk bilen baglan şahyr halkynda Watana bolan söýginiň, wepadarlygyň ösmegi üçin ähli gujur-gaýratyny tijäp göreşipdir. Ol Watany söýmegi, oňa wepaly bolmagy nesihat edýär:
Gel köňül, men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma.
Beýik şahyr halkda watançylyk duýgularyny ösdürmek bilen, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny, halkynyň abadançylygyny, asuda durmuşda ýaşamagyny arzuw edipdir. Munuň üçin parahatçylygyň zerurlygyny nygtapdyr:
Türkmen ilim, eý adamzat!
Azat il, güzer gözlärin.
Öz watanynyň abadançylygy, il-günüň ykbaly ugrunda gije-gündiz alada edýän beýik şahyry ýurduň içinde bolýan agzalalyklar biçak ynjalykdan gaçyrypdyr. Şahyr ol agzalalyklary berk ýazgarypdyr:
Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden
Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.
Şahyr agzalalygy ynsan durmuşynyň köre-körlügi saýypdyr. Agzalalyga tutuş iliň betbagtçylygynyň sebäpkäri hökmünde garaýar:
Agzy ala bolan iliň
Döwleti gaçan ýalydyr.
Akyldar şahyr il-gününiň abadançylygyny olaryň agzybirliginde görüpdir. Şonuň üçin Magtymguly dagynyk türkmen tireleriniň birleşip, bir bitewi – özbaşdak berkarar döwlet gurmagyny arzuw edipdir. Tire-taýpalar birleşip, agzybir ýurda öwrülse, olaryň çöregi bir suprada eda edilse, halkynyň ykbalynyň göteriljegine berk ynanypdyr. Türkmeniň bagtynyň gözbaşynyň agzybirlikdedigine çuň göz ýetiripdir. Şonuň üçin şahyr halkyny agzybirlige, biri-biri bilen dost, dogan bolmaga çagyrypdyr:
Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr...
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr.
ýa-da
Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar –
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Halkymyzyň ruhy sütüni bolan beýik akyldar Magtymgulynyň köňlünde beslän bu mukaddes arzuw-islegleri, umytlary öz döwründe, şol arzuw-islegleriň çäklerinde galdy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda bagtymyzyň berkarar bolýan, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan, umytlarymyzyň hasyl bolýan döwründe akyldar şahyrymyzyň mukaddes Watan babatdaky arzuw-islegleri wysal bolup, mukaddes supraly beýik döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň derejeli ösüşleri hem beýik özgertmeleri bilen öňe barýar.
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.