Aziýanyň merjen şäheri
09-01-26
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen berkarar Diýarymyzda amal edilýän beýik işleriň ähmiýeti eziz Watanymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyz Aşgabadyň örän çalt depginlerdäki ösüşinde has-da aýdyň duýulýar. Ýurdumyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribe häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Şunda Aziýanyň merjen şäherine öwrülen ak şäherimiz Aşgabadyň toplumlaýyn ösüşleri, onuň täsin keşbi ähli türkmenistanlylarda bolşy ýaly, bu ugurdaky bilermenlerde hem ýakymly duýgulary döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, sebitiň merjen şäherine öwrülýän Aşgabat ata Watanymyzyň abraý-mertebesi, halkymyzyň buýsanjydyr. Aşgabadyň ösüşleriniň özboluşlylygy toplumlaýyn häsiýete eýeligindedir. Eziz paýtagtymyz indi dünýäniň üns merkezinde. Şäher düzüminiň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, binagärlik özboluşlylygy türkmen paýtagtynyň abraý-mertebesini Arşa galdyrdy. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Bu ýerde şäher ilaty üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi.
Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe toplumlar döredildi. Paýtagtymyzdaky köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilen binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Olaryň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň özi hem ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde bu kitapda mynasyp orun eýeledi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan ösüşi onuň ykdysady görkezijilerini, maýa goýum ýagdaýyny we işewürlik gurşawyny äşgär edýär. Bu bolsa, bir tarapdan, daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bäsdeşlige ukyplylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirdi. Iň esasysy bolsa, gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýerli hususy kompaniýalaryň gatnaşygyny işjeňleşdirdi. Gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda dünýäde bar bolan täze tejribeler Aşgabatda gurulýan desgalarda öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň görkezijisi, özgerişleriň kerwenbaşysy bolan ak mermerli Aşgabat şäherimiz bu gün Merkezi Aziýanyň merjen şäherine, ýer ýüzüniň ylalaşdyryjy parahatlyk dörediji merkezine öwrüldi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşleriň, üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň asuda durmuşda parahat ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Türkmen halky «Ak zat alnyňa ýagşy» diýip, ýagşy ýörelgä eýerýär. Paýtagtymyzyň ak mermer binalary türkmeniň ak kalbyna çalymdaşdyr. Ady älem içre aýdym bolup ýaňlanýan Aşgabat şäherimiz agzybirligiň, asudalygyň we baky abadançylygyň merkezidir. Halkymyzyň ýüreginde ata Watanymyza, ene topragymyza çuňňur söýgi bar, senaly dillerde bize döwletli döwrany bagyş eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary bar.
Goý, gözel paýtagtymyz Aşgabady, berkarar Diýarymyzy, mähriban halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Orazbagt NURYLLAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.