BAŞ MAKSAT — KÄMIL HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK

04-07-22

Ähli ösüşleriň özeninde bilimiň durandygy mälimdir. Şonuň üçin-de bu ulgama aýratyn üns gönükdirilýär. Ýurdumyzda bilimiň binýady berkden tutulyp, onuň kanunçylyk-hukuk derejesi berkidilýär. Şonuň ýaly-da halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dünýäniň öňde baryjy döwletleriniň bu ugurda gazanan oňyn tejribesini öwrenmäge we milli nusgalara laýyk getirip ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde oba hojalygy pudagy ykdysadyýetimiziň ösmeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň dürli pudagy üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw jaýydyr.

Uniwersitet özüniň esaslandyrylan ýylyndan bäri (1930ý.) ýokary bilimli agronomlaryň, maldarlaryň we mal lukmanlarynyň, gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy boýunça inženerleriň, ykdysatçylaryň, buhgalterleriň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýji inžener-tehnologlaryň, dokma we ýeňil senagaty boýunça hünärmenleriniň onlarça müňüni taýýarlady.

Uniwersitetiň kafedralarynda tejribeli professor-mugallymlar döwrebap hünärmenleri taýýarlamagy özüniň esasy maksady edinip, döredijilikli zähmet çekýärler. Olaryň düzüminde birnäçe Türkmenistanyň Ussat mugallymlary, ylymlaryň doktorlary we kandidatlary, tejribeli professorlar, dosentler we uly mugallymlar bar.

Uniwersitetde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň „John-Deere“ we “Caterpillar” hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Claas” kompaniýalarynyň okuw merkezleri açylyp, ol ýerde talyplara häzirki zaman kuwwatly we ýokary öndürijilik bilen işleýän oba hojalyk tehnikalaryny dolandyrmagyň hem-de tehniki ideglerini ýerine ýetirmegiň çylşyrymly syrlary öwredilýär.

Uniwersitetiň Okuw-tejribe hojalygynda alymlaryň, professor-mugallymlaryň we talyplaryň bilelikde ylmy-barlag hem-de tejribe-synag işlerini geçirmek üçin zerur şertler döredilen.

Uniwersitetiň garamagynda Botanika bagy, Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezi, Magtymguly etrabyndaky ylmy-önümçilik synag merkezi hereket edýär. Bu merkezlerde talyp ýaşlar bilen geçirilýän nazary okuwlary we ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleri önümçilik bilen giňişleýin utgaşdyrylýar.

Aşgabat şäherinde, Mary we Lebap welaýatlarynda uniwersitetiň Agrosenagat orta hünär okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň oba hojalyk we dokma senagaty pudaklary üçin, ýörite orta hünär bilimli döwrebap hünärmenler taýýarlanylýar.

Uniwersitetde häzirki zaman kompýuter-tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan okuw binalary, ähli ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilen umumy ýaşaýyş jaýlary, merkezi naharhana, talyplar hammamy, durmuş hyzmatlaryny edýän nokatlar, abzallaşdyrylan ýapyk we açyk sport meýdançalary, uly we kiçi mejlishanalar, internet ulgamy, okuw-ylmy we çeper edebiýatlary özünde jemleýän kitaphana, giň okalga zaly, elektron okalgasy, taryhy we haýwanat muzeýleri, saglygy goraýyş gullugy talyplaryň hyzmatynda. Okuw tejribelikler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin  ýörite niýetlenilen bölümlerinde we hormatly Prezidentimiziň halkymyza  sowgat eden täze edara-kärhanalarynda  guramaçylykly alnyp  barylýar. Bu bolsa ýokary hünär okuw mekdebini tamamlan ýaşlaryň ösen tehnologiýalaryň enjamlaryndan doly baş çykaryp bilýän ýaş hünärmenler bolup ýetişmeklerine oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek konsepsiýasyna laýyklykda ýokary okuw mekdebimizde goňşy döwletlerde oba hojalyk ugrunda okadylýan okuw jaýlary bilen onlaýn duşuşyklar, wideo şekilli ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bulardan başga-da, ýokary okuw mekdebimizde hormatly Prezidentimiziň ýaşlar syýasatyndan ugur alyp, döredijilik bäsleşikleri, duşuşyklar, zehin, sport bäsleşikleri, ýörite sergiler gurnalýar. Bu geçirilýän çäreleriň netijesinde talyplar öz okaýan ugurlary boýunça has hem kämilleşýärler. Ýaşlaryň ussatlygyny ýüze çykarmagy, saýlap alan ugry boýunça kämilligi gazanmagy, dünýä derejesinde tejribe toplamagy ugrunda aladalar hormatly Prezidentimiziň başyny başlan her bir işinde öz beýanyny tapýar.

Biz bagtyýar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!

Bagtyýar DERÝAGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.