SANLY YKDYSADYÝET ― ÖSÜŞIŇ BINÝADY

21-11-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem­-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. 

Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň ykdysady işe ýokary derejede aralaşmagy hem-de bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen, dünýäniň bazar giňişliginde ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Yk­dy­sa­dy we dur­muş gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze ul­ga­my­nyň dep­gin­li ös­me­gi dünýä senagat önümçi­li­gin­de bo­lup ge­çen özgerişlerden oňyn ne­ti­je çy­kar­ma­ga mümkin­çi­lik ber­ýär. Şu nukdaý­na­zar­dan, yk­dysa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­ny sanly esas­da ös­dür­mek boýunça ýurdumyzda ba­dalga ber­len iş­ler giň ge­rim­de al­nyp barylýar.

«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­myzy 2019 — 2025-­nji ýyl­lar­da durmuş­-ykdysady taýdan ös­dür­me­giň Maksatnama­syn­da» hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýän, döw­re­bap maglu­mat ­aragat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na esaslan­ýan san­ly ykdysady­ýe­ti yzy­gi­der­li ornaşdyrmagyň hasabyna mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bäsdeşli­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýokarlandyrmak bo­ýun­ça giň gerimli çä­re­ler göz öňün­de tutulandyr. Bu Konsepsiýa­da ýurdu­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ornaşdyr­mak we ony ös­dür­mek bi­len bag­ly we­zi­pe­ler tapgyr­la­ra bö­lü­nip kesgitle­nendir.

Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ösdür­mek bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly eda­ra ministr­likler, pudakla­ýyn do­lan­dy­ryş edaralary, welaýatla­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­lik­le­ri, eýeçiligi­niň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan, eda­ralar, kär­ha­na­lar, gu­ra­ma­lar hem-­de hu­su­sy telekeçi­ler ta­ra­pyn­dan san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça geçi­ril­jek iş­le­ri utgaşdyrmak bi­len, gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşy­rar. Şeý­le hem yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na, öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra tejribe­le­re esas­la­nyp, ýurdu­my­zyň halk hojalygynyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň, şol san­da edaralaryň, kärhanalaryň we gu­ra­ma­la­ryň ýeke­-täk san­ly ul­ga­ma bi­rik­di­ril­me­gi­ni hem-de sazlaşyk­ly iş­le­dil­me­gi­ni üp­jün et­mek Türkme­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek boýunça yg­ty­ýar­ly eda­ra­nyň esa­sy wezipele­ri­niň hataryn­da bel­le­nil­ýär.

Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ösdür­mek bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly eda­ra­nyň utgaşdyrma­gyn­da eda­ra­la­ryň, kär­ha­na­la­ryň we gurama­la­ryň her bi­rin­de maglumatla­ry sakla­ýan, gaý­ta­dan iş­le­ýän ser­wer we ul­gam en­jam­lary­nyň bir bi­te­wi ul­ga­ma birleşdirilmegi­ni üp­jün ed­ýän tä­ze san­ly tehnolo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lar. Ulanyjy­la­ryň san­ly ul­ga­ma çe­kil­me­gi­ni üpjün ed­ýän, köpu­gur­ly «Bir pen­ji­re» ulgamy­nyň mag­lu­mat­la­ry topla­ýyş, iş­le­ýiş we go­ra­ýyş mil­li mag­lu­mat mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Mil­li mag­lu­mat mer­ke­zi­niň işi­ni ýo­la goý­mak, gözeg­çi­lik etmek, ut­gaş­dyrmak hem­-de kämil­leş­dir­mek bi­len bagly wezi­pe­le­riň Türk­me­nis­tan­da san­ly ykdy­sa­dy­ýe­ti ösdürmek boýun­ça yg­ty­ýar­ly eda­ra ta­ra­pyndan ama­la aşy­ryl­ma­gy meýilleş­di­ril­ýär.

Kon­sep­si­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäkle­rin­de ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň elekt­ron hyz­matlardan giň­den peýdalanmaklaryny üp­jün et­mek mak­sa­dyn­da ulanyjy­la­ryň sa­na­wy­ny, hyz­mat ed­ýän ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­lar üçin bi­te­wi anyklaýyş san­ly kod­lar ul­ga­my­nyň döredilme­gin­de hem­-de şahsy­ýe­ti anyk­la­ýyş ID kart ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gyn­da Türkmenis­tan­da san­ly ykdysa­dy­ýe­ti ös­dür­mek boýunça yg­ty­ýar­ly eda­ra­nyň äh­mi­ýe­ti uly bo­lar.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­dü­ril­megi, san­ly amat­lyk­la­ryň el­ýe­ter­li­li­gi­niň ýokarlandyrylma­gy, san­ly se­riş­de­le­riň ykdysadyýet­de giňden or­naş­dy­ryl­ma­gy we peýdalanyl­ma­gy ýur­du­my­zyň dünýä­niň san­ly gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­ny, onuň halkara ba­zar­da bäsdeş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň düýp­li ýo­kar­lan­dy­rylma­gy­ny we mil­li ykdysadyýe­ti­mi­ziň ösü­şiň tä­ze in­no­wa­si­on tap­gy­ry­na geçi­ril­me­gi­ni üp­jün eder. Şeý­le hem san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi işe­wür­lik we ma­ýa go­ýum işjeňligi­ni ýokarlan­dyr­ma­ga, yl­my köp ta­lap ed­ýän pudak­lar­da iş bi­len üpjünçiligi gowulandyrma­ga, döw­re­bap mag­lu­mat tehnologiýalarynyň jemgy­ýe­tiň äh­li ugurlary­na giň­den or­naş­dy­ryl­magy­nyň ha­sa­by­na ýurdu­my­zyň ila­ty­nyň ýa­şaý­şy­nyň hi­li­ni we ýa­şa­ýyş-­dur­muş dereje­si­niň ýokarlandyrylmagy­na täze müm­kin­çi­lik­le­ri açar. Ähli ugurlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ilatyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli ulanyp, zähmet öndürijiligini artdyrmaga-da ýardam berer.

Adam hakynda irginsiz aladalar edýän, onuň parahat we döwrebap ýaşaýşy üçin belent maksatlar esasynda netijeli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Bany ULUGBEKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

16a8e7eb3e1b9d.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16a8d24e3d2dc1.png
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär

“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.


16a8d23daec649.png
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy

Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.


16a8bde13d0a33.jpeg
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


16a8bdc1c5aca6.png
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler

Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.