Sanly ulgam – ösüşiň häzirki zaman tapgyry
16-12-24
Ýurdumyzyň dünýä tejribesiniň özgerişi bilen aýakdaş ösýän häzirki döwründe milli Liderimiziň tagallalary bilen ykdysadyýetimizi sanly esasda kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda Kararyna laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara, guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara — hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, işe girizmegi hem-de olaryň yzygiderli işjeň täzelenip durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriniň derejesi hem durnukly saklanylýar, pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär, önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, bank ulgamyna döwrebap we innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Ykjam internetiň ösmegi hem-de smartfonlaryň wezipeleriniň giňelmegi bilen baglylykda, ykjam goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şolary ulanyjylar her gün özleriniň hasabynyň balansyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, geçirimleri hem-de hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girýärler.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyzyň neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işi durmuşa geçirmegiň degişli Tertibi işlenip düzüldi. Taýýarlanylan resminamada öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler hem-de gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşe geçirilmeginiň düşewüntliligi hakyndaky maglumatlar kesgitlenildi.
Häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy içerki maglumatlar bazarynda oňaýly şertleri döreder, has dogry we ýokary derejeli çemeleşmelerde bolsa dünýäniň habar beriş serişdeleri bazaryna çykmaga ýardam eder. Bu ugurda hereket etmek bilen, neşirler ýokary hünärli žurnalistleri, terjimeçileri, IT hünärmenlerini işe çekmäge gyzyklanma bildirerler.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin pudagara topary döretmek hakyndaky» Kararynyň sanly ykdysadyýete geçmekde şertleri döretmek üçin iş ýüzündäki esasy çäredigini bellemek gerek. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ilerletmäge ýardam etmek bu toparyň maksady hökmünde kesgitlenildi.
Umuman, bu ugurlarda häzirki wagta çenli ýerine ýetirilen işleriň jemine hem-de bellenilen sepgitlere ser salyp, Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçmek wezipesine düýpli çemeleşýändigini ynam bilen bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi IT kompaniýalaryň ösmegi üçin zerur bolan düzümleriň, amatly şertleriň döredilmegi, hünärmenler bilen üpjünçilik meseleleriniň çözülmegi we beýlekiler konsepsiýada bellenilen maksatlara ýetmegi çaltlandyrar.
Sanly tehnologiýalaryň köpçülikleýin ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegi üçin esas bolar. Türkmen önüm öndürijileri emele gelen ýagdaýy seljerip hem-de kynçylyklary yzygiderli aradan aýryp, täze ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürip, ykdysadyýetimiziň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli ýokarlandyrarlar.
Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ýazmyrat BEGLIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa ulaglarynyň ulanylyşy kafedrasynyň uly mugallymy.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.