SANLY ULGAM — giň MÜMKINÇILIKler
19-11-24
Ýurdumyzyň dünýä tejribesiniň özgerişi bilen aýakdaş ösýän häzirki döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ykdysadyýetimizi sanly esasda kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy.
Ylmyň hem tehnologiýanyň ýokary tizlik bilen ösýän döwründe birnäçe döwletleriň ykdysadyýetiň sanly ulgamy ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, elektron senagatyň we IT-tehnologiýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmekleri milli ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin sanly ulgamyň möhümligini tassyklaýar. Dünýäniň ykdysady giňişligine amatly goşulyşýan baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem bu ugruň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, häzirki döwürde dünýä giňişliginde bolup geçýän sanly özgeriş Türkmenistanyň bu ählumumy hadysa goşulyşmagyna zerurlyk döretmek bilen möhüm döwlet syýasaty hökmünde sanlylaşdyrmak işini milli ösüşiň meýilnamasyna girizilmegini şertlendirdi.
Baky bitarap Watanymyz döwrümizi sanlylaşdyrmak boýunça öňden gelýän we hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň bazarynda öňdebaryjylar hasaplanylýan «NOKIA», «HUAWEI», «Tech Investment Сo», «SSI Monaсo», «Thales Alenia», «Afghan Wireless», «Airbus», «Delta Teleсom Ltd», «Rosteleсom», «Eastwind», «Azerteleсom» we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy barha ýygjamlaşdyrýar.
Hyzmatdaşlary bilen alyp barýan ýygjam gatnaşyklary netijesinde güneşli Diýarymyzyň innowasion ösüş ýoluna düşmeginde maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda, internet we hemra aragatnaşygynyň eýýamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy adaty ugurlary hem-de olaryň ösüşiniň nusgalaryny düýpli özgertdi.
Watanymyzda esasy optiki-süýümli ulgamlaryň ikisi, ýagny Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Daşoguz — Aşgabat halkalaýyn hem-de Garabogaz — Türkmenbaşy — Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Kerki — Ymamnazar ulgamlary hereket edýär. Olar goňşy döwletleriň ulgamlaryna sepleşýär. Olary gurmagyň taslamalary DWDM (Dense Wavelength Division Multipleхing — dykyz tolkunlaýyn multipleksirleme) tehnologiýalarynyň esasynda amala aşyryldy.
Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüşiniň ýagdaýynyň maglumat tehnologiýalarynyň we bilimleriň jemgyýetiň durmuşyndaky ornunyň artmagy bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Ykdysadyýet özgerýär, has innowasion ýagdaýa eýe bolýar, şu özgerişlikleriň esasynda bolsa ýokary tizlikli, aragatnaşyk we internet ulgamlary durýar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýakyn wagtda ylmyň soňky gazananlary esasynda sanly hyzmatlarynyň has-da kämilleşdirilmegine, täze sanlylaşdyrylan hyzmatlarynyň çalt we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýna GELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji talyby.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.