SPORT PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISIDIR

04-12-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýe we sport halkymyzyň gujur-gaýratyny, gözelligini hem-de sagdynlygyny özünde jemleýän durmuşymyzyň bezegine, ruhubelentligimiziň we beden taýdan kämilligimiziň nyşanyna, halklary dostluga, doganlyga çagyryjy şygara öwrülýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň durmuş ýörelgesi hem-de göreldesi biziň her bizimiz üçin  nusga alarlyk ajaýyp mekdepdir.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edara bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda Permanyň hem-de bu komitetiň meseleleri hakynda, Bilim ministrliginiň meseleleri hakynda Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan sport diplomatiýasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etmeginde sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirýän, sport we olimpiýa hereketleri arkaly dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan we  ynsanlara sagdyn, bagtyýar durmuşy peşgeş berýän taglymatdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek” şeýle-de “Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini işini bes eden Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemek” hakynda karara gol çekilmegi ähli halkymyzyň şatlygyny has-da goşalandyrdy.

Paýtagtymyz Aşgabatda sebitde iň iri sport toplumynyň — Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň bu ulgamda dünýä derejesindäki belentliklere tarap ösüşiniň aýdyň subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen bina edilen sebitiň iň iri sport şäherçesiniň birbada birnäçe ugurlar boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi her bir türkmenistanlynyň belent başyny gök diretdi. Has takygy, Olimpiýa şäherçesindäki stadionyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, şeýle hem Olimpiýa şäherçesiniň sportuň suw görnüşleri merkezi halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirkizaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Saglyk, ruhubelentlik, gözellik paýlaýan sport halklary dostluga, doganlyga, çagyrýan güýçdür. Halklaryň arasynda dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň berkemeginde sportuň ähmiýeti uludyr. Çünki sport dünýä halklarynyň dostlaşmagyna, birek-birege ynanyşmagyna oňaýly täsir edýän gudrata eýedir. Şu nukdaýnazardan ugur alanymyzda sport parahatçylygyň ilçisidir. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan eziz Diýarymyzyň dünýäniň iri sport merkezine öwrülmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde uly ykrarnama eýe bolan döwlet syýasatynyň guwandyryjy netijeleridir.   

Halkymyzyň eşretli ýaşamagy, oba-şäherlerimiziň döwrebap we zamanabap ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Aýgözel ORAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.