Gymmaty kemelmeýän gollanma
07-05-23
                Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işiniň XIV jildiniň çap edilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen bir hatarda ähli watandaşlarymyzy begendirdi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XIV jildiniň çapdan çykmagy ulgamyň işgärleri üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.
Kitabyň girişinde hem nygtalyşy ýaly, türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň 2 müňden gowragy halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Olaryň 500-den köprägi bolsa ýurdumyzyň endemikleri, ýagny, ýerli ösümlikleri hasaplanylýar. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge mynasyp diýip hasaplaýandygy baradaky pikiri öňe sürýär.
Bu gün dermanlyk ösümlikleriň döwrebap lukmançylykda hem ähmiýeti uludyr. Eziz Arkadagymyzyň başlangyjy bilen olardan ýörite demlemeler taýýarlanylyp, watandaşlarymyza hödürlenilýär.
Hakykatdan hem, ir wagtdan bäri adamlar dürli keselleri bejermek üçin ösümlikleriň melhemlik güýjüni ulanypdyrlar. Häzirki wagtda halk tarapyndan dermanlyk diýlip ykrar edilen ösümlikleriň ylmy tarapynyň öwrenilmegine uly üns berilýär. Bu ylmy wezipeleriň gadymyýetden gözbaş alandygyny Gahryman Arkadagymyzyň kitaby hem doly tassyklaýar. Dermanlyk ösümlikleriň köpüsini adamlaryň ýabany görnüşden medeni görnüşe getirip, iýmit hökmünde ulanyp başlamaklary-da (garpyz, kädi, badyýan, alma, armyt, erik, nar, üzüm we beýlekiler) bu meselä türkmen halkynyň gaty çynlakaý çemeleşendiginiň aýdyň mysalydyr.
Kitabyň I baby dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasyna bagyşlanypdyr. Onda ýurdumyzda bitýän açyk gülli kireý, adaty gozaly topalak, ajaýyp astagal, bir teňňeli batgagül, çalymtyl sogan, dürek dälijemäş we ýene-de ençeme ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berilýär.
Okyjylar üçin gymmatly hazyna öwrüljek kitabyň ikinji baby «Maglumatnama» diýlip atlandyrylyp, onda dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, latynça we rusça sözlügi ýerleşdirilipdir. Şeýle-de bu bölümde dermanlyk çig mallary ýygnamagyň senenamasynyň ýerleşdirilmegi kitapdaky beýan edilen dermanlyk ösümliklerden peýdalanmak isleýän okyjylar üçin juda zerur maglumatdyr. Kitabyň ýene-de bir aýratyn tarapy dermanlyk ösümlikleriň çig malllarynyň saklanyş möhletiniň hem wagtynyň anyk görkezilmegidir.
Bu düýpli ylmy iş diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň kämilleşdirilmeginde hem möhüm ähmiýete eýedir. Onuň täze neşiri bolsa lukman Arkadagymyzyň halkymyzyň saglygy, bagtyýar we abadan durmuşy baradaky yzygiderli aladalarynyň we ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde türkmen lukmançylygyny düýpli ösdürmekde durmuşa geçirilýän dünýä nusgalyk işleriň nobatdaky güwäsidir.
Hawa, ynsan daş-töweregindäki janly tebigaty öwrenmekden, onuň peýdaly taraplaryny öz durmuşynda ulanmakdan ganmaýar. Sebäbi durmuş hemişe ösüşde. Häzirki döwürde ähli ugurlarda, şol sanda lukmançylykda-da ylmy açyşlaryň, ösýän täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň we sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyna garamazdan, ynsan sähel nähoşlasa, ilki bilen, tebigata, daş-töweregimizi gurşap alan ösümlikler dünýäsine ýüzlenýär. Ondan öz derdine derman gözleýär. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň: «Derdimi bejerýän tebigat bilen» diýşi ýaly, tebigat biziň penakärimiz, howandarymyz. Hut şu sebäbe görä-de, Diýarymyzyň tebigy baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagyny, daşky gurşawy, ýurduň täsin tebigatynyň köpöwüşginliligini we gözelligini aýap, gorap saklamak, ony geljek nesillerimize tebigy durkunda we has hem baýlaşdyryp miras goýmak boýunça örän ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň melhemlik ösümlikleri barada baý maglumatlary özünde jemleýän bu gymmatly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildi hormatly Arkadagymyzyň sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurdy bolan Watanymyzda ynsan saglygynyň goraglylygy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň ýene-de bir ajaýyp miwesidir.
Adam bilen tebigatyň sazlaşykly ýaşaýşynyň elmydama dowamat-dowam bolmagyny ündeýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Muhammetmyrat DÖWLETMYRADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
        HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.